Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaýyň Başlygyna gynanç bildirdiler

  • 20.12.2023 13:14
  • 39k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda 6,5 magnitudaly ýertitreme bolup geçdi. Esasy ýumrulmalar Gansu we Sinhaý welaýatlarynda bolup geçdi. Pida bolanlaryň sany 131-e ýetdi. Bu barada Hytaýyň Merkezi telewideniýesi habar berdi.
Onuň berýän maglumatlaryna görä, 113 adam Gansu welaýatynda, 18 adam Sinhaý welaýatynda aradan çykdy.
Yrgyldylar sebitiň dag gerişleriniň ählisinde, şol sanda Hytaýyň beýleki welaýatlarynda, Hindistanda, Russiýada we Gazagystanda hem duýuldy.


düýn 20:17
4.7k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......