Xiaomi dünýäniň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçip, ikinji orna çykdy

  • 17.07.2021 00:41
  • 6.9k+

Hytaýyň Xiaomi brendi dünýäniň smartfon bazarynda Apple-den öňe geçip, ilkinji gezek ikinji orny eýeledi diýlip, Canalys analitik kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Bu barada TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça Xiaomi-niň bazardaky paýy üpjünçiligiň 83% artmagy bilen 17%-e çenli ýokarlandy. Bu döwürde Apple kompaniýasynyň paýy 14% bolup, önümleriniň üpjünçiligi bary-ýogy 1% ýokarlandy.
Bu sanawda birinji orny bazaryň 19%-ne eýeçilik edýän Günorta Koreýanyň Samsung ägirdi eýeledi (üpjünçiligiň ösüşi 15%). Liderleriň bäşligine Hytaýyň Vivo we Oppo brendleri hem girdi, olaryň bazardaky paýy 10% (ösüş 28% we 27%).

“Samsung we Apple bilen deňeşdirilende, Xiaomi smartfonlarynyň ortaça bahasy, degişlilikde, takmynan, 40% we 75% arzan” – diýip, Canalys-yň hünärmeni Ben Stenton belleýär.

Şunuň esasynda Xiaomi-niň paýnamalary Gonkongyň gazna biržasynda irdenki söwdanyň dowamynda her paýnama üçin 4,82%, ýagny 28,25 Gonkong dollaryna ($3,64) çenli gymmatlady.
Bu ýokary tehnologiýaly korporasiýa 2010-njy ýylyň aprel aýynda esaslandyryldy, onuň ştab-kwartirasy Pekinde ýerleşýär. Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda onuň bazar kapitallaşdyrmasy ilkinji gezek 100 mlrd dollardan geçdi.


düýn 09:59
853

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

27.05.2026 15:34
2.7k+

Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy

Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi....