2020-nji ýylda dünýäde göni daşary ýurt maýa goýumlary üçden birine azaldy

  • 14.07.2021 14:14
  • 3.1k+

Koronawirus pandemiýasy bilen bagly ykdysady pese gaçyş 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 2020-nji ýylda dünýäde göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň üçden birine, ýagny 1,5 trln dollardan 1 trln dollara çenli azalmagyna getirdi. Bu barada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (UNCTAD) hasabatynda aýdylýar diýip, www.capital.ua belleýär.

“Çökgünlik göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň birden azalmagyna sebäp boldy. Olaryň global akymy üçden birine, 2019-njy ýyldaky 1,5 trln dollardan 2020-nji ýylda 1 trln dollara çenli azaldy” – diýip, Ženewada geçirilen brifingde UNCTAD-yň baş sekretary wezipesini ýerine ýetiriji Izabel Dýuran belledi. Ol 2020-nji ýylyň ahyryndaky ýagdaý boýunça göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň göwrüminiň mundan 10 ýyldan gowrak ozal bütindünýä maliýe çökgünliginden soň bellige alnan pes derejeden 20% az bolandygyny düşündirdi.
“Biz şu ýyl göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň ösüşiniň 10-15% bolmagyna garaşýarys. Ýöne maýa goýumlarynyň bat almagy üçin wagt gerek bolar” – diýip, Dýuran belledi.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň hasabatyna görä, 2020-nji ýylda geçiş ykdysadyýetli ýurtlarda göni daşary ýurt maýa goýumlar akymy 77%, 13 mlrd dollara çenli azaldy. 2020-nji ýylda ösüp barýan ýurtlar ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 12% az maýa goýum puluny aldylar. Şeýlelikde, global göni daşary ýurt maýa goýumlarynda ösüp barýan ýurtlaryň paýy 72% boldy. Şol bir wagtyň özünde göni daşary ýurt maýa goýumlaryny köp alýanlaryň sanawynda Hytaý birinji orny eýeledi.

düýn 22:17
855

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....