Google bäsdeşlikden gorkup, Samsung-yň Galaxy Store-ny ösdürmegine päsgel bermäge synanyşdy

  • 09.07.2021 20:05
  • 10k+

Google Samsung Galaxy Store programmalar dükanynyň Google Play-iň bäsdeşi bolup ýetişmezligi üçin, ony “ýok etmäge” çalyşdy diýip, «The Verge» web-saýty ýazýar.

ABŞ-nyň 36 ştatynyň we Waşingtonyň monopoliýa garşy beren arzasyna görä, Samsung kompaniýasy Galaxy Store-i kämilleşdirip başlanda, Google «howp abanýandygyny duýupdyr». Oňa bäsdeş bolmaga päsgel bermek üçin, Google, meselem, Android telefonlaryny öndürijiler bilen girdejini paýlaşmak şertnamasyny ulanýar. Android smartfonlaryny öndürijiler bilen gol çekilen bu resminama olara gajetlerine Play Market-den başga islendik programmalar dükanyny guramagy gadagan edýär.
Mundan başga-da, arzada kompaniýanyň Samsung-a öňdebaryjy işläp düzüjiler bilen hyzmatdaşlyk etmekden ýüz öwürmegi üçin gönüden-göni tölemekçi bolandygy tassyklanylýar. “Google üçin programmalary ýaýratmakda bäsdeşlik – bu ýok edilmesi zerur bolan wirus” – diýlip, resminamada bellenilýär.
Şeýle-de, Google işläp düzüjilere programmalaryny Google Play-den daşary ýaýratmazlyklary üçin pul hödürleýär. “The Verge-iň” ýazmagyna görä, Epic Games Fortnite-i Google Play Store-den daşary ýaýratmak kararyna gelende, bu çäreleriň köpüsi onuň bilen dawanyň “gönüden-göni netijesi” bolýar.
Google-iň özi Samsung Galaxy Store programmalar dükanynyň ösmegine päsgel bermäge synanyşyk edendigi bilen bagly aýyplamalary ret edýär. Ol özüniň blogunda bu aýyplamalary esassyz diýip belleýär.


09.06.2026 22:05
1.7k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....