Serhio Ramos «PSŽ-niň» oýunçysy boldy

  • 09.07.2021 13:17
  • 10k+

Ispaniýaly goragçy Serhio Ramos “PSŽ” bilen şertnama baglaşdy. Oýunçynyň klub bilen şertnamasy 2023-nji ýyla çenli niýetlenýär. Ol täze kluba erkin agent hökmünde geçdi diýip, championat.com habar berýär.

Serhio Ramos şertnamasynyň möhleti tamamlanandygy sebäpli, iýun aýynyň ahyrynda “Realdan” gitdi. Ol bu klub üçin 2005-nji ýyldan bäri çykyş edýärdi. “Şa kluby” oýunçy bilen şertnamanyň möhletini uzaltmady. “Real” bilen bilelikde Ramos bäş gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, ýurduň iki Kubogyny we dört Super kubogyny aldy, dört gezek Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, şeýle-de üç gezek UEFA-nyň Super kubogynyň eýesi we dört gezek klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi boldy.
Ispaniýanyň çempionatynyň geçen möwsüminde ol 15 oýna gatnaşyp, öz hasabyna iki gol ýazdy. Transfermarkt internet portaly oýunçynyň transfer bahasyny 10 mln ýewro bilen bahalandyrýar. 


şu gün 13:40
279

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

düýn 22:49
5.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.6k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......