Ýene-de bir ýurt benzinde işleýän ulaglardan el çeker

  • 07.07.2021 02:54
  • 9.9k+

Kanada 2035-nji ýyla çenli diňe howa zyňyndy goýbermeýän awtoulaglary satmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň maliýe ministriniň orunbasary Mona Fortýeniň öz Twitter sahypasynda beren maglumatlaryna salgylanyp, lenta.ru habar berýär.

Kanada benzin bilen işleýän ýeňil we ýük awtoulaglarynyň söwdasyndan el çeker. Ministr howa zyňyndy goýbermeýän awtoulaglara geçmegiň depginini tizleşdirmegi «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek üçin esasy görkeziji hasaplaýar. Bu çäreler ýurduň Hökümetini 2050-nji ýyla çenli atmosfera goýberilýän uglerod zyňyndylaryny nol derejä ýetirmek boýunça maksadyna ýakynlaşmaga mümkinçilik berer diýip, Fortýe aýdýar. 2025-nji ýyla çenli Kanadanyň Hökümeti elektrokarlaryň satuwyny 10 göterime çenli ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar.  
Şunlukda, Kanada «arassa» awtoulaglara geçýän ýurtlaryň ýene biri boldy. Ozal 2035-nji ýyla çenli Ýaponiýanyň benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän awtoulaglardan el çekmegi meýilleşdirýändigi belli boldy. Şu hili awtoulaglar içerki bazarlarda satylmaz, ýagny diňe gibrid ulaglaryny — elektroulaglary we ýangyç elementli awtoulaglary satyn alyp bolar. Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşiginiň iri awtoulag öndürijileri hem 2040-njy ýyla çenli benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ýük ulaglaryndan el çekmegi karar etdiler.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......