Britaniýaly milliarder Brenson kosmosa Bezosdan öň uçar

  • 07.07.2021 02:57
  • 5.2k+

Britan milliarderi Riçard Brenson 11-nji iýulda — dünýäniň iň baý adamlarynyň biri, Amazonyň esaslandyryjysy Jeff Bezosdan 9 gün öň kosmosa uçmagy meýilleşdirýär. Bu barada НСН-da berlen maglumata salgylanyp, mir24.tv habar berýär.

«Uçuşa we täze kosmiki eýýamyň başlanmagyna goşulyň! Hasaplama başlaýar» diýip, Brensonyň Virgin Galactic kompaniýasynyň Twitter sahypasyndaky habarda ýazyldy. Twitde wideo hem goýlup, onda Unity suborbital gämisiniň ekipažyndaky 6 adamyň ählisi görkezilýär we olaryň arasynda Brensonyň özi-de bar.

Ozal içinde Jeff Bezos boljak New Shepard suborbital gämisiniň 20-nji iýulda kosmosa uçjakdygy mälim edildi. Bezos hem ýeke uçmaz, onuň ýanynda 1961-nji ýylyň «Zenan kosmosda» maksatnamasynyň iň ýaş uçurymy — 82 ýaşly Uolli Fank bolar. Şol wagt NATO taslamanyň astronawtlarynyň tabşyran fiziologik we psihologik synaglaryndan üstünlikli geçen 13 sany zenany saýlap alypdy, ýöne näme üçindir Uolli Fank kosmosa uçup bilmedi. Indi Bezos oňa bir wagtky arzuwyny amala aşyrmaga kömek eder.


12.06.2021 16:04
6.8k+

Jeff Bezos dogany bilen bilelikde kosmosa uçar

Amazon kompaniýasynyň baş direktory Jeff Bezos 20-nji iýulda dogany bilen bilelikde kosmosa uçýandygyny aýtdy diýip, TASS habar berýär. “Men bäş ýaşymdan bäri kosmosa uçmagy arzuw edýärdim. 20-nji iýulda men bu...

düýn 20:17
4.4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....