Jeff Bezos dogany bilen bilelikde kosmosa uçar

  • 12.06.2021 16:04
  • 6.6k+

Amazon kompaniýasynyň baş direktory Jeff Bezos 20-nji iýulda dogany bilen bilelikde kosmosa uçýandygyny aýtdy diýip, TASS habar berýär.

“Men bäş ýaşymdan bäri kosmosa uçmagy arzuw edýärdim. 20-nji iýulda men bu syýahaty doganym bilen bile amala aşyraryn” – diýip, ol özüniň Instagram sahypasynda ýazdy.
Bu posta goşulan wideorolikde milliarder uçuşa gatnaşmak kararyna gelendigini, sebäbi muny ömürboýy isländigini düşündirdi. “Bu tejribe seni, seniň bu planeta, adamzada bolan garaýşyňy üýtgedýär” – diýip, Bezos belledi.

Bezosa degişli bolan Blue Origin kompaniýasy 20-nji iýulda New Shepard gämisinde ilkinji gezek suborbital uçuşa ýolagçy iberer. 5-nji maýda kompaniýa kosmosyň çägine uçuş üçin ilkinji petegiň üç tapgyrda geçip, 12-nji iýunda tamamlanjak auksion arkaly satyljakdygyny habar berdi.
New Shepard alty adamy ýa-da ýük göterip bilýär. Kosmosyň çägine ýetilenden soň, syýahatçylar howpsuzlyk kemerlerini açyp, dört minut töweregi agramsyzlyk ýagdaýynda bolmaly bolarlar, şondan soň olar bilen kapsula aşak düşüp, paraşýutlarda ýuwaşlyk bilen gonmaga başlar.
Blue Origin kosmosa yzygiderli syýahat uçuşlaryny gurnamaga synanyşyk edýän firmalaryň biridir. Virgin Galactic we SpaceX kompaniýalarynyň hem şeýle meýilnamalary bar.


16.03.2026 19:31
4.6k+

Gawaýidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawaýi adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...

25.02.2026 10:24
15k+

ABŞ-nyň gündogar kenarýakasynda güýçli gar höküm ýöredýär. Boýy bilen gara çümen Nýu-Ýorkuň suratlary

Soňky on ýylyň içinde bolup geçen iň güýçli gar boragany ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine we ulag gatnawynyň doly togtamagyna getirdi. Meteorologlaryň berýän maglumatlaryna görä, bu ştatlarda bir gije-gündiziň dowamynda 60 santimetrden köp gar ýagdy...

23.02.2026 13:55
13k+

Güýçli gar sebäpli ABŞ-da adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

ABŞ-nyň demirgazyk-gündogarynda höküm sürýän syrgynly gar sebäpli 60 milliondan gowrak adam adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň täsir zolagyna düşdi. Bu barada Hill neşiri habar berýär. «Delawer, Massaçusets, Nýu-Ýork, Nýu-Jersi, Pensilwaniýa we Rod-Aýlend ştatlary adatdan daşary ýagdaý düzgünini yglan etdiler, bu bolsa 60 milliondan gowrak adama täsir etdi» diýlip, habarda aýdylýar...