Olimpiadanyň ýaryşlarynyň 40 göterimi tomaşaçysyz geçiriler

  • 06.07.2021 08:52
  • 2k+

Sanlyja günlerden badalga aljak tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary sport desgalaryna barmagyň çägini goşmaça ýene-de azaltsa, ýaryşlaryň 40 göterimi tomaşaçysyz geçirilip bilner. Bu barada Ýaponiýanyň Kyodo agentliginiň maglumatlaryna salgylanyp, trend.az habar berýär.

Bellenilişi ýaly, esasy wariant hökmünde stadionlara geljekleriň sanyny 10 müň adamdan 5 müňe çenli gysgaltmak göz öňünde tutulýar. Şeýle ýagdaýda 5 müňe golaý petek satylan oýunlaryň ählisi, şol sanda 21:00-dan soň meýilleşdirilen ýaryşlar tomaşaçysyz geçirilmeli bolar. Bu çäklendirme futbol, beýsbol, basketbol, ýeňil atletika boýunça geçiriljek ýaryşlara, şeýle-de Olimpiadanyň açylyş we ýapylyş dabaralaryna degişlidir. 
Şu hepdäniň dowamynda Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary bäştaraplaýyn onlaýn duşuşyk geçirerler. Onuň dowamynda stadionlara näçe adam goýbermek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Tokio-2020-niň Guramaçylyk komitetiniň başlygy Seýko Hasimoto golaýda geçirilen metbugat maslahatynda guramaçylaryň ýaryşlary tomaşaçysyz geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Şuňa meňzeş pikiri Tokio şäheriniň gubernatory Ýuriko Koike hem beýan etdi.


05.05.2025 15:19
5.1k+

Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady

Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady...

06.04.2025 16:09
1.9k+

Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy

27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini...

30.01.2025 23:05
3.9k+

Ýaponiýaly snoubordçy dünýäde ilkinji bolup 6,5 öwrümli böküşi amala aşyrdy

19 ýaşly ýaponiýaly snoubordçy Hiroto Ogiwara dünýäde ilkinji bolup 2340 gradus (6,5 öwrüm) aýlawly böküşi amala aşyrdy. ABŞ-nyň Aspen şäherinde geçirilen X Games ýaryşynda big-eýr dissiplinasynda dünýä rekordyny...

31.07.2024 13:17
2.5k+

Ýaponiýanyň öňdeligi we “hamyla” türgen: Olimpiadanyň 4-nji gününiň esasy wakalary

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy dördünji ýaryş güni tamamlanandan soň Parižde dowam edýän Olimpiadanyň medal sanawynda öňdeligini saklady. 30-njy iýulda dzýudoçy Takanori Nagase 81 kg çenli agram derejesinde altyn...