«Türkmengaz» iri taslamalar boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikleri geçirýär

  • 04.07.2021 17:41
  • 6.9k+

Türkmenistan hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen ýurdumyzda ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak boýunça gepleşikler geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gazhimiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýar.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada wise-premýer Ş.Abdrahmanow Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi. Türkmenistanda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijileriň gurluşygyny çaltlandyrmak, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça daşary ýurt kompaniýalary bilen geçirilýän gepleşikler oňyn netijesini berýär.
Döwlet Baştutany bu barada aýtmak bilen, toplumda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurtlaryň belli kompaniýalary bilen gepleşikleriň geçirilmelidigini, olaryň netijeleri boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmalydygyny belledi we hödürlenen teklibi makullap, nebitgaz senagaty boýunça oňyn tejribesi bolan daşary ýurt kompaniýalary bilen bu ugur boýunça işleri dowam etmegi tabşyrdy.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......