Ýaşaýyş üçin iň özüne çekiji ýurtlar yglan edildi

  • 03.07.2021 17:11
  • 22k+

BCG kompaniýasy «Şäher — her bir adam üçin» atly barlaglary geçirip, durmuş üçin iň özüne çekiji şäherleriň sanawyny kesgitledi. Kompaniýanyň barlaglarynyň netijelerini lenta.ru paýlaşýar.

Barlaglaryň çäginde bary-ýogy 16 şäher saýlanyp alnyp, olara birnäçe görkezijiler boýunça baha berildi. Hususan-da, durmuşyň hili, ykdysady mümkinçilikleri, jemgyýet we häkimiýet bilen gatnaşygy, şeýle-de şäherlileriň durmuşynda oňyn üýtgeşmeleriň depgini hasaba alyndy.
Şunlukda, ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäheri birinji, Beýik Britaniýanyň London şäheri ikinji, Russiýanyň paýtagty Moskwa bolsa 63 bal bilen üçünji orny eýeledi.

«Moskwa durmuşyň hili we üýtgeşmeleriň tizligi boýunça öňdeligi saklaýan şäherleriň biri hasaplanýar. Aýratyn-da, Moskwanyň durmuşyň hili boýunça orny, ilkinji nobatda, «Jemgyýetçilik giňişligi», adatdan daşary ýagdaýlarda goraglylygyň ýokary derejesi, ekologiýa we bilim ulgamynda ýokary baly bilen kesgitlenilýär» diýip, barlaglarda aýdylýar.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......