“Ýuwentus” Super liga gatnaşýandygyna garamazdan, Çempionlar ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy

  • 04.07.2021 04:07
  • 11k+

Italiýanyň “Ýuwentus” futbol kluby indiki Çempionlar ligasynyň möwsümine gatnaşmak hukugyny gazandy. Bu barada klubuň prezidenti we Super liganyň wise-prezidenti Andrea Anýelli habar berdi. Onuň teswirlerini “Ýuwentusyň” metbugat gullugy getirýär diýip, sportmail.ru belleýär.

Öň, Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalary Birleşigi (UEFA) Super ligany esaslandyryjy klublar – “Ýuwentus”, şeýle-de Ispaniýanyň “Barselona” we “Real” klublary bilen bagly işi togtatdy. 

“Biz Çempionlar ligasyna gatnaşmagymyzy tassyklaýan haty aldyk. Men ýewropa futbolyny kämilleşdirmek üçin gepleşikleri geçirmäge taýýardygymyzy ýene bir gezek nygtamak isleýärin. Biz haýbatlardan gorkmaýarys we özümiziň kanuny hereketlerimize ynanýarys” – diýip, Anýelli belledi.

19-njy aprelde “Mançester Ýunaýted”, “Mançester Siti”, “Tottenhem”, “Liwerpul”, “Çelsi” we “Arsenal” iňlis, “Barselona”, “Atletiko” we “Real” ispan, “Milan”, “Inter” we “Ýuwentus” italýan klublary Super liganyň döredilendigini habar berdiler. Janköýerleriň nägileliklerinden we Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) we UEFA-nyň sanksiýa haýbatyndan soň, Super ligada diňe “Real”, “Barselona” we “Ýuwentus” galdy. 7-nji maýda UEFA galan dokuz topar bilen ýaraşyk gazanylandygyny mälim etdi we Super ligany döretmek pikirine gaýdyp gelnen halatynda sanksiýa sanawyny neşir etdi. 


düýn 23:07
2.6k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

düýn 20:46
2.6k+

Harri Keýn ikinji gezek «Altyn butsy» baýragynyň eýesi boldy

«Bawariýa» toparynyň hüjümçisi Harri Keýn 2025/2026 möwsüminiň netijeleri boýunça «Altyn butsy» baýragynyň eýesi bolar. Futbolçy Ýewropanyň milli çempionatlarynyň iň gowy bombardiri boldy....

24.05.2026 15:47
4.8k+

«Bawariýa» 21-nji gezek Germaniýanyň Kubogyny gazandy. Bu ýaryşyň rekordy

Germaniýanyň Kubogynyň «Bawariýa» we «Ştutgart» toparlarynyň arasynda geçirilen final duşuşygy tamamlandy. Bu oýunda Mýunheniň topary 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazandy....

24.05.2026 15:39
3.7k+

Maýkl Kerrik «Mançester Ýunaýtediň» baş tälimçisi wezipesine tassyklandy

«Mançester Ýunaýted» kluby Maýkl Kerrigiň toparyň baş tälimçisi wezipesine gutarnykly bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Ol mundan ozal bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde alyp barýardy....