«The Times» gazeti Ýaponiýanyň ykdysadyýeti dikeltmek boýunça ministri Ýasutosi Nisimuranyň sözlerine salgylanyp, COVID-19 bilen kesellänleriň sanynyň artmagy bilen baglylykda, eger zerur bolsa, Tokioda ýene-de adatdan daşary ýagdaýyň giriziljekdigini habar berýär. Şunuň bilen birlikde, ol girizilmese-de oýunlara gatnaşjak türgenler koronawirusa garşy hökmany test tabşyrarlar we olaryň hereketleri çäklendiriler. Bu baradaky maglumaty russian.rt.com ýetirýär.
Ýaponiýanyň ykdysadyýeti dikeltmek boýunça ministri Ýasutosi Nisimura Tokionyň häkimiýetine koronawirusyň ýaýramagy bilen baglylykda, adatdan daşary ýagdaýy yglan etmegiň gerek boljakdygyny aýtdy. «The Times-iň» bellemegine görä, munuň özi tomusky Olimpiýa oýunlarynyň örän güýçli çäklendirmeler şertlerinde başlanjakdygyndan habar berýär.
Ministriň sözlerine görä, häzirki hereket edýän agyr bolmadyk öňüni alyş çäreleri COVID-19 ýokanjynyň täzeden ýaýramagynyň soňuna çykmaga mümkinçilik bermedi. Aýratyn-da, ol Tokionyň ýaşlarynyň arasynda köp duş gelýär. Koronawirusyň ýaýramak depgini azalandan bir aý soňra, golaýda ýurtda kesellänleriň sany ýene-de birden ýokarlandy.
Häzirki çäklendirmeleriň 11-nji iýulda, Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyndan bary-ýogy 12 gün öň ýatyrylmagyna garaşylýar. Muňa garamazdan, ministriň sözlerine görä, olaryň ýerine has agyr öňüni alyş çäreleri gelip biler. Neşir syýasatçynyň: «Paýtagtda we Tokionyň beýleki sebitlerinde kesel ýokaşmak bilen bagly täze hadysalar artýar. Biz, şübhelenmezden, zerur bolanda, adatdan daşary ýagdaýy girizmäge borçly» diýen sözlerini getirýär.