ABŞ-da «pikirleri okaýan» şlem öndüriler

  • 29.06.2021 18:52
  • 6.3k+

«Kernel» amerikan kompaniýasy neýronlaryň işjeňligini seljermek üçin şlemleri öndürmäge taýýarlanýar. Geljegiň enjamy beýniniň garramak hadysasyny, dürli görnüşli psihologik gaýraüzülmeleri öwrenmäge, şeýle-de, umuman, adamyň new ulgamynyň nähili gurlandygyna düşünmäge ýardam berer. Bu barada Bloomberg agentligine kompaniýanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Braýan Jonson gürrüň berdi.

Vesti.ru-nyň ýazmagyna görä, geljek hepdeleriň dowamynda ABŞ-ly müşderileriň onlarçasy «Kernel» şlemleriniň ilkinji nusgalaryny alarlar. Flow we Flux atly iki nusga taýýarlanyp, olaryň bahasy 50 müň dollara deň bolar. Olaryň ikisiniň-de agramy birnäçe kilograma deň bolup, beýniniň elektrik impulslaryny seljerýän datçiklerdir dürli elektronikalaryň köpüsini özünde jemlär. Taslamalary taýýarlamaga 5 ýyl wagt sarp edilip, olara 110 million dollar maýa goýuldy.
Flow lazer impulslaryny goýbermek we matadan gelýän yşykdaky şöhleleri ölçemek bilen, beýniniň kislorod bilen üpjünçiligine gözegçilik edýär, Flux bolsa beýniniň işjeňliginiň belli bir yzygiderliliginde ýüze çykýan elektromagnit meýdanlaryny bir ýere jemleýär, diýip kompaniýanyň işgärleri düşündirýärler.
Hususan-da, neýroşlemleri insult geçiren ýa-da Parkinsonyň keseli diýip atlandyrylýan keselden ejir çekýän adamlaryň beýnisine gözegçilik etmek üçin ulanmagy meýilleşdirýärler. Şeýle-de olaryň kömegi bilen haçan-da adamlar täzeden ýöräp we gürläp başlanda, beýnide bolup gelýän hadysalar öwreniler.
Kelle beýnisiniň işjeňligini öwrenmek üçin niýetlenen başlangyç tehnologiýa eýýäm köp ýyldan bäri hereket edýär, ýöne oňa zerur bolan enjamlar tutuş bir otagy eýeleýär we onuň bahasy millionlarça dollara barabar. Jonsonyň sözlerine görä, kompaniýa öz tehnologiýasyny edil smartfon ýaly ýönekeý we elýeterli görnüşe getirmegi göz öňünde tutýar. Telekeçi «Kernel» enjamynyň eýýäm 2030-njy ýyla çenli amerikanlaryň öýlerinde adaty zada öwrüljekdigine umyt bildirýär.


09.06.2026 23:32
3.9k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

03.06.2026 23:03
7.1k+

Trampyň administrasiýasy ummana gözegçilik edýän iň kämil ulgamlaryň birini ýapar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy deňiz gurşawyny, ekoulgamlary we ahlumumy howa şertleriniň özgertmelerini öwrenmek üçin ulanylan, bahasy 368 million dollara barabar «Ocean Observatories......

31.05.2026 22:44
4.5k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......