Katar Dünýä çempionaty-2022-niň janköýerleri üçin 1 million doza sanjym taýýarlar

  • 29.06.2021 18:48
  • 7.7k+

Kataryň Hökümeti bu ýurtda 2022-nji ýylda geçiriljek Futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýän janköýerler üçin täze görnüşli koronawirus ýokajyna garşy 1 million doza sanjym taýýarlar. Bu barada Kataryň Premýer-ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygy Şeýh Haled ben Halifa Al Taniniň sözlerine salgylanyp, trend.az saýty habar berýär.

Kataryň habarlar agentligi Şeýh Haled Al Taniniň: «Oňa çenli käbir ýurtlaryň öz raýatlaryny doly sanjym edip bilmejekleri güman edilýär. Katar bolsa janköýerlere koronawirusa garşy doly sanjym edilmezden, olaryň stadionlara çykmagyna ýol bermez. Şonuň üçin hem häzirki wagtda biz kompaniýalaryň birinden 1 million doza sanjym satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýäris» diýen sözlerini getirýär.

«Futbol boýunça dünýä çempionaty üçin Katara geljeklere sanjym edilmeginiň esasy maksady myhmanlardyr ýurduň ýaşaýjylarynyň saglygyny goramakdyr» diýip, ol aýdýar. Premýer-ministriň sözlerine görä, 2,75 million ilatly Katarda geljek hepdeleriň dowamynda ilatyň 72 göterimine azyndan bir doza sanjym ediler.


15.03.2026 20:14
11k+

Messi Ýamala garşy oýnamaz: Ispaniýa bilen Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» duşuşygy ýatyrylýar

Ýewropanyň häzirki çempiony Ispaniýa bilen Günorta Amerika kubogynyň ýeňijisi Argentinanyň arasyndaky «Finalissima» tituly ugrundaky futbol duşuşygy ýatyryldy. Bu barada El Chiringuito neşiri habar berýär. Aslynda, duşuşygy 27-nji martda Kataryň «Lusaýyl» stadionynda geçirmek meýilleşdirilipdi...

15.01.2026 22:14
4.2k+

Katar zenanlaryň arasynda ilkinji Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek üçin FIFA bilen gepleşik geçirýär

Katar 2028-nji ýylyň ýanwarynda taryhda ilkinji gezek guraljak zenanlaryň arasyndaky Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmek ugrunda FIFA bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada "The Guardian" neşiri habar berýär...

05.01.2026 12:06
7.1k+

Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi...

29.12.2025 13:31
3.4k+

Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy

Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy. Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy...