Beýik Britaniýada şazada Filippiň hatyrasyna teňňe çykaryldy

  • 29.06.2021 10:47
  • 4.4k+

Beýik Britaniýada şa zenany Ýelizaweta II-niň ýoldaşy, 9-njy aprelde aradan çykan Edinburg şazadasy Filippe bagyşlanan nominaly 5 funt sterling bolan teňňe çykaryldy. Bu barada Bi-bi-si salgylanyp, rbc.ru habar berýär.

“Onuň Patyşa Alyhezretleri şazada Filipp, Edinburg gersogy, 1921-2021” diýen ýazgyly teňňe The Royal Mint (Patyşa zikgehanasy) tarapyndan çykarylar. 
“Men şazada Filippiň belli harby-deňiz karýerasyny we monarhymyza hem-de şa wezipelerine wepalylygyny nazarda tutup, Ýaragly güýçleriň gününde teňňäni uly buýsanç bilen hödürleýärin” – diýip, Beýik Britaniýanyň maliýe ministri Rişi Sunak aýtdy.

Suratkeş Ýan Renk-Brodli tarapyndan döredilen teňňe kanuny töleg serişdesi bolsa-da, kolleksiýa hökmünde döredildi. Ol çäkli tiraž bilen çykaryldy we dolanyşyga goýberilmez. Bu teňňe The Royal Mint-iň saýtynda, Britaniýanyň patyşa poçtasy bölümlerinde we ýurtdaky hem-de dünýädäki ýöriteleşdirilen dükanlarda elýeterli bolar. Şa däbine laýyklykda, ýadygärlik teňňesiniň nominaly 5 funt sterling bolup, täç geçdirme ýa-da ýubileý wakalaryny bellemek üçin, adatça, hut şu nominal ulanylýar.
Şeýle-de, The Royal Mint Beýik Britaniýada we tutuş dünýäde jemgyýetçilik işini goldamak üçin şazada tarapyndan 1956-njy ýylda esaslandyrylan Edinburg gersogy baýragyna 50 müň funt sterling bagyş eder.


16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......

10.05.2026 20:34
6.7k+

Beýik Britaniýada aldap gurçuk çykarmak boýunça festiwal geçirildi

Angliýanyň günogartyndaky Blekaton obasynda her ýyl geçirilýän Halkara «gurçuk çagyryjylaryň» festiwaly boldy. Gatnaşyjylar çäkli wagtyň içinde ýeri gazmazdan, iň köp mukdardaky gurçugy ýeriň üstüne çykarmak......

29.04.2026 13:40
988

Britaniýanyň Teýt galereýasynda 1990-njy ýyllaryň sungaty we modasy barada giň gerimli sergi açylar

Britaniýanyň Teýt galareýasy  1990-njy ýyllaryň medeni dünýäsine bagyşlanan “The 90s: Art and Fashion” atly serginiň geçirilýändigini bildiriş etdi. 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabryndan 2027-nji ýylyň 14-nji......