«Türkmenaragatnaşyk» agentligi internet ulgamynyň göwrümini giňelder

  • 26.06.2021 19:35
  • 21k+

Internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy üçin 2021-nji ýylyň fewralynda täze nyrhnamalar tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, olaryň tölegi 50 göterime çenli arzanladyldy. Häzirki wagtda ulanyjylaryň ýokary tizlikli internete islegleriniň artýandygy bilen baglylykda, internet ulgamynyň göwrümini giňeltmek zerur bolup durýar.

Bu ugurda göz öňünde tutulan işleriň geçirilmegi internet hyzmatlarynyň bahalarynyň arzanladylmagyna, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamynyň, elektron söwda hyzmatlarynyň gerimini giňeltmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap maglumat ulgamlaryny döretmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Şuny nazara almak bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow kommunikasiýa toplumyny sanly ulgama öwürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda köp ugurlary öz içine alýan kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, internete giň gerimli elýeterlilik bilen bir hatarda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşini artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň tutuş toplumyny durmuşa geçirmäge girişilendigini nygtady. Döwlet Baştutany döredilen şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, degişli işleri maksadalaýyk amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......