BTJ turbageçirijisi arkaly üç ýylda 20,7 mln tonna türkmen nebiti eksport edildi

  • 26.06.2021 18:24
  • 4.4k+

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň energetika ministrleriniň 4-nji duşuşygy geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Türkiýäniň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň we halkara guramalarynyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdy. Bu barada Azerbaýjanyň Energetika ministrliginiň resmi internet saýty habar berýär.

«Baku-Tbilisi-Jeýhan nebit geçirijisi arkaly soňky 3 ýylyň dowamynda 20,7 million tonna türkmen nebit we nebit önümleri, şeýle hem geçen ýyl 106 müň tonna gazak nebiti dünýä bazarlaryna iberildi» - diýip, Azerbaýjan Respublikasynyň energetika ministri Parwiz Şahbazow belledi.
Mundan başga-da, ol Günorta gaz geçelgesiniň sebitiň energetika integrasiýasynda möhüm orun degişlidigini belledi. Ol 2,5 milliard kubmetr tebigy gazyň türk sarp edijileri üçin TANAP gaz geçirijisi, 2,8 milliard kubmetr tebigy gazyň TAP gaz geçirijisi arkaly ýewropaly sarp edijilere iberilendigini belledi.

YHG-nyň Baş sekretary Hadi Süleýmanpur guramanyň geljek on ýylda agza döwletleriň umumy energiýa balansynda “ýaşyl energiýanyň” paýyny artdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we energiýa netijeliligi pudagyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky maksatlary barada çykyş etdi.
Süleýmanpur arassa energiýa merkezini döretmek üçin YHG/ Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat Ösüş Guramasynyň (UNIDO) bilelikdäki taslamasynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem bu merkeziň tutuş dünýäni gurşap alýan “Sebitleýin durnukly energiýa merkezleriniň global tory” üçin geljegi uly elemente öwrüljekdigine ynam bildirildi.
Duşuşykdan soň YHG-nyň çäginde energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen “Baku jarnamasy” kabul edildi. Resminama guramanyň agza döwletleriniň arasynda çig nebit, tebigy gaz, nebithimiýa we nebit önümleri bilen üpjün etmekde, elektrik torlarynyň döredilmeginde, elektrik energiýasynyň sebitleýin söwdasynda, arassa energiýa çeşmelerinde, energiýa netijeliliginde giň özara hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......