Wenesiýa ÝUNESKO-nyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner

  • 25.06.2021 20:15
  • 8.7k+

Wenesiýa we Budapeşt ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawyna girizilip bilner. Bu barada guramanyň maslahat beriji edaralarynyň tekliplerine salgylanyp, Agence France-Presse habar berdi diýip, TASS belleýär.

Agentligiň bellemegine görä, syýahatçylygyň täsiri ÝUNESKO-nyň Wenesiýany howp astynda bolan miras sanawyna girizmek haýyşy bilen ýüz tutmagyna sebäp bolan ölçegleriň biri boldy. Aýratyn-da, gurama uly kruiz gämileriniň aýlaga girmegini gyssagly gadagan etmäge çagyrýar. Italiýanyň häkimiýetleri uly kruiz gämilerine girmegiň gadagan edilendigini birnäçe gezek aýtdylar. Şol bir wagtyň özünde, başga bir ýol tapylýança, gämiler iýun aýynyň başynda bolşy ýaly, aýlaga girip bilerler.
Bu mesele eýýäm birnäçe ýyl bäri çözülmän gelýär. Wenesiýa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna 1987-nji ýylda girizildi.
Şeýle-de, BMG-niň guramasy Budapeştiň gadymy Buda galasynyň ýerleşýän ýerindäki uly göwrümli abatlaýyş işleri bilen bagly biynjalyk bolýar.
Bu karar 16-31-nji iýulda Hytaýyň Fuçžou şäher okrugynda onlaýn görnüşde geçiriljek ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 44-nji sessiýasynyň dowamynda kabul ediler. ÝUNESKO-nyň baş direktory Odre Azule 16-njy iýulda sessiýanyň açylyşyna gatnaşar. Sessiýanyň dowamynda komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna eýýäm girizilen 255 obýekti saklamagyň ýagdaýyny öwrener. Olardan 53 obýekt Bütindünýä mirasynyň howp astynda bolan obýektleriniň sanawynda görkezilýär. 24-nji iýuldan komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin täze dalaşgärleri gözden geçirip başlar.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......