Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» çagalar medeni-dynç alyş merkezi açyldy

  • 25.06.2021 12:49
  • 10k+

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň Farap şäherinde «Çagalar dünýäsi» çagalar medeni-dynç alyş merkezi açyldy.

1,5 gektar meýdany bolan toplumda ösüp gelýän ýaş nesilleriň doly derejeli dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. «Çagalar dünýäsi» toplumyny Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Jemşidiň jamy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.
Bu ýerde boş wagtyňy gyzykly hem-de peýdaly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Merkeziň çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.

Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap etraby Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijisi boldy we ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Şol serişdeler çagalar üçin niýetlenen täze medeniýet merkeziniň gurluşygyna we onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna gönükdirildi.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....