Alymlar uçary sessiz edýän usuly oýlap tapdylar

  • 22.06.2021 19:34
  • 15k+

Beýik Britaniýadaky Bata uniwersitetiniň alymlary uçarlaryň hereketlendirijisiniň sesini iň pes derejä ýetirmegiň usulyny tapdylar. Bu barada «Nature Scientific Reports» žurnalyna salgylanyp, mir24.tv saýty maglumat berýär.

Hünärmenler uçaryň hereketlendirijisiniň sesini 80 göterime çenli peseldip, ýolagçylaryň rahatlygyny ýokarlandyryp biljek örän ýeňil materialy işläp düzdüler. Grafen oksidinden we poliwinil spirtinden alnan aerogel daşky gurluşy boýunça hamyrly süýjülige meňzeýär diýlip, ylmy makalada aýdylýar. Hatda bu materialy almagyň tehnikasy hem süýjülik bişirmek üçin ýumurtganyň agynyň çişirilişini ýatladýar. Ol adatdan daşary pes dykyzlykda bolup, kubmetrde bary-ýogy 2,1 kilogram agramy bar. Munuň özi onuň iň ýeňil ses geçirmeýän material bolmagyny şertlendirýär. Bu material uçaryň hereketlendirijisiniň sesini 105 desibelden 16 desibele çenli azaldyp bilýär. Bu bolsa saç guradyjy feniň çykarýan sesine ýakyndyr. 
Mundan başga-da, materialyň ýeňilligi ony has peýdaly edip bilýär, çünki ol uçaryň umumy agramyna hem asla täsir etmeýär diýen ýaly. Alymlar öz oýlap tapyşlarynyň diňe bir aerokosmiki senagatda däl, eýsem, awtoulaglarda we deňiz gämilerinde, gurluşykda ulanyp boljakdygyna umyt bildirýärler.

düýn 16:45
3.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

düýn 16:17
2.4k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 20:08
4.3k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....