Şanhaýda dünýädäki iň beýik restoranly myhmanhana açyldy

  • 22.06.2021 19:01
  • 12k+

Dünýädäki iň beýik J Hotel Shanghai Tower myhmanhanasy şenbe güni Şanhaýda resmi taýdan açyldy we myhmanlary kabul edip başlady. Täze lýuks myhmanhana beýikligi 632 metr bolan Shanhai Tower diňinde ýerleşýär. Bu bina beýikligi boýunça diňe Dubaýdaky Burj Halifa diňinden (828 metr) yza galýar diýip, rg.ru habar berýär.

Täze myhmanhananyň kabulhanasy 474 metr belentlikde, binanyň 101-nji gatynda ýerleşýär. Myhman otaglary 86 – 98-nji gat aralygynda, howuz bolsa 393 metrden gowrak belentlikde 84-nji gatda ýerleşýär. Umuman alanyňda, belgi toplumy 165 otagy, şol sanda 34 lýuks otagyny öz içine alýar.
Myhmanhanada restoran bar, ol iň soňky 120-nji gatda ýa-da 556,7 metr belentlikde ýerleşýär. Ol ýerden Luszýaszuý maliýe merkezi, Huanpu derýasynyň kenary we tutuş şäheriň panoramasy görünýär. Restoran iň beýik hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girmäge dalaş edýär.
Shanhai Tower diňiniň gurluşygy 15 mlrd ýuana (2,3 mlrd dollar) düşdi we 2015-nji ýylda tamamlandy. Diňiň içinde myhmanhanadan başga-da, ofis otaglary, dükanlar, jemgyýetçilik iýmiti edarasy we 118-nji gatda Şanhaýda we tutuş Hytaýda iň beýik bolan gözegçilik meýdançasy bar.
Shanhai Tower açylmazdan öň, iň beýik gözegçilik meýdançasy Şanhaýyň Bütindünýä maliýe merkeziniň (474 m) 100-nji gatynda ýerleşýärdi.

düýn 16:26
3.4k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.4k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....