Ýewro-2020: Italiýa Uelsi, Şweýsariýa Türkiýäni ýeňdi

  • 21.06.2021 18:58
  • 4.7k+

Ýewro-2020-niň üçünji tapgyrynda Italiýanyň milli ýygyndysy Rimde Uelsiň milli ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
Duşuşygyň 39-njy minudynda Matteo Pesina ýeke-täk pökgini tora girizdi. Uels 55-nji minutda Itan Ampad oýundan çykarylandan soň, duşuşygy on bolup dowam etdi.

Ugurdaş duşuşykda Bakuda Şweýsariýa Türkiýäni 3:1 hasap bilen ýeňdi.
Duşuşykda şweýsariýaly ýarymgoragçy Jerdan Şakiri dubl etdi. Ýene-de bir pökgini Haris Seferowiç geçirdi.
Türkiýäniň düzüminde ýeke-täk goly Irfan Kahwetji geçirdi.

Şeýlelikde, A toparda Italiýa 9 utuk toplap, birinji orundan pleý-off-a çykdy. Ikinji orunda has gowy gol tapawudy bilen Uels (4 utuk) ýerleşdi.
Türkiýe nol utuk bilen dördünji orunda galdy. Türkiýe ýaryşdan gaýtdy. Şweýsariýa 3-nji ýerden 1/8 finala çykmak mümkinçiligini saklaýar, ýöne hemme zat beýleki toparlaryň netijelerine bagly bolar.
Toparlaýyn tapgyr tamamlanandan soň, her kwartetden iň gowy iki topar, şeýle hem üçünji orny eýelän iň gowy dört topar 1/8 finala çykar. Pleý-off tapgyryna gatnaşyjylardan eýýäm 4-si mälim — Italiýa, Belgiýa, Niderlandlar we Uels.


düýn 17:32
3k+

70-nji "Altyn topuň" gowşuryljak ýeri we senesi yglan edildi

"France Football" žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysyna berilýän 70-nji ýubileý "Altyn top" gowşurmak dabarasy 2026-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda we taryhda ilkinji gezek Londonda geçiriler....

düýn 12:06
6.5k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

01.06.2026 19:46
8k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

01.06.2026 19:25
5.6k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....