Biz özümizi näçe ýaşdan bilip başlaýarys?

  • 18.06.2021 16:14
  • 17k+

ABŞ-ly hünärmenler adamlarda ilkinji ýatlamalaryň iki ýarym ýaşynda ýüze çykyp başlaýandygyny anykladylar. Ýöne biz, adatça, islendik wakany ýatlanymyzda, şol wagt özümizi has ulurak ýaly hasaplaýarys. Muňa garamazdan, adamyň ýadyndan irki ýatlamalary çekip almak aňsat — ondan iň ilkinji ýatlamasyny aýtmagy soramak ýeterlik. Alymlar öz barlaglarynyň çaganyň huşuny ýitirme keselinde gözegçilikler üçin peýdaly bolup biljekdigine ynanýarlar. news.mail.ru amerikaly alymlaryň gelen netijeleri barada giňişleýin maglumat berýär.

Has irki barlaglarda adamlaryň üç ýarym ýaşdan özüni bilip başlaýandygy subut edildi. Ýöne Nýu-Faundlendiň Memorial uniwersitetinden çaga amneziýasy boýunça bilermen, doktor Kerol Peterson hem-de onuň kärdeşleri adamyň ilkinji ýatlamalarynyň ondan has irräk ýüze çykýandygyny aýdýarlar.
Petersonyň aýtmagyna görä, haçan-da adamlardan onuň ilkinji ýatmalary hakynda, soňra bolsa ýene birnäçeleri hakynda sorasaň, ol has ir bolup geçen, hatda ondan bir ýyl öňki wakalary hem ýatlap başlar. Muňa garamazdan, adamlar ýatlamalarynyň senelerini ýalňyşýarlar we şol döwürde özlerini has ulurak bolan ýaly hasaplaýarlar. Görlüp oturylsa, adamlar bu babatda, hakykatdan-da, ýalňyşýan ekenler. Munuň şeýledigini olaryň şol wakada näçe ýaşynda bolandygyny anyk bilýän ene-atalarynyň sözleri doly tassyklaýar.

«Çaga bu waka bolan pursadynda özüniň 3 ýaşyndadygyny aýtdy, ene-atalary bolsa düzetdiler — ýok, şol wagt ol 2 ýaşyndady» diýip, Peterson aýdýar.

Peterson ýat, aýratyn-da, çagalaryň başarnyklary we ulularyň ömrüniň ilkinji ýyllaryny ýatlamalaryny öwrenmek boýunça 20 ýyldan gowrak iş alyp bardy. Bu barlaglary geçirmek üçin ol özüniň çaga amneziýasy baradaky ylmy makalalarynyň 10-syny saýlap aldy, şeýle-de 1999-njy ýyldan bäri toplanan, heniz çap edilmedik maglumatlaryny peýdalandy. Toparyň gelen netijeleri «Memory» žurnalyndaky makalada beýan edildi.

düýn 14:38
2.5k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....