Iki ýurduň serhetlerini robotlar gorar

  • 17.06.2021 22:30
  • 33k+

Koreýa Respublikasy Koreýa Halk Demokratik Respublikasy bilen serhetleşýän çäginde iň häzirki zaman datçikler we emeli aň bilen üpjün edilen robotlary ýerleşdirer. Bu barada Günorta Koreýanyň Gorag satyn almalary döwlet agentliginiň (DAPA) maglumatyna salgylanyp, tass.ru habar berýär.

Maglumatlara görä, bahasy 2,5 million dollara deň bolan serhetçi robotlaryň ilkinji ikisini serhediň günorta tarapynda şu ýylyň oktýabrynda ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Olar 3 aýyň dowamynda synag hökmünde işlediler we soňra olary köpçülikleýin ulanmak hakynda çözgüt kabul ediler.
Robotlar ýörite relsler boýunça sekuntda 5 metr aralyga çenli hereket edip, uzak günüň dowamynda nobatçylykda durarlar. Bu gurluş ýokary çözgütli hem-de döwrebap sensorly, her tarapa hereket edýän kamera bilen üpjün edilen.
Robotyň emeli aňy kameradan sesleri we suratlary özbaşdak seljerer we şübheli hereket ýüze çykarylan ýagdaýynda, operatorlara habar berer. Ulgam öz-özüni okatmaga ukyplydyr, munuň özi wagtyň geçmegi bilen, robotlaryň işiniň has netijeli boljakdygyny görkezýär.

düýn 22:31
2.1k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

düýn 18:36
594

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 11:15
2.5k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......