Kopengagende futbolçy Kristian Eriksene bagyşlanan diwar peýda boldy

  • 16.06.2021 16:39
  • 12195
Kopengagende futbolçy Kristian Eriksene bagyşlanan diwar peýda boldy

Daniýanyň paýtagtynda Daniýanyň milli ýygyndy toparynyň ýarym goragçysy Kristian Eriksen üçin diwar peýda boldy diýip, Kopengagende Ýewro-2020-niň resmi instagram-akkaunty habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär. Isleg bildirýän her bir adam diwara gelip, meşhur daniýaly oýunça öz isleg-arzuwlaryny ýazyp bilýär.

Ilkibaşda Ýewropa çempionatynyň oýunlaryna tomaşa etmek üçin fan-zolagynda ýerleşen diwar suratkeşleriň ýaryşyň wakalaryny suratlandyrmagy üçin döredildi. Eriksen bilen bagly wakadan soň, ähli isleg bildirýänlere diwarda oýunça isleg-arzuwlaryny ýazmaga we çekmäge rugsat berildi.
Şenbe güni Kopengagende geçirilen Ýewro-2020-niň Daniýa bilen Finlýandiýanyň ýygyndylarynyň arasyndaky oýnunyň birinji ýarymynyň ahyrynda Eriksen otuň üstüne ýykyldy. Lukmanlar birnäçe minutlap oýunça ilkinji kömegi berdiler, göni däl ýürek massažyny etdiler. 
Soňrak UEFA oýunçynyň hassahanadadygyny, onuň özüne gelendigini we ýagdaýynyň durnuklydygyny habar berdi. Oýun tas iki sagat togtadyldy, soň bolsa dowam etdi hem-de Finlýandiýanyň milli ýygyndysynyň 1-0 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy. Ýekşenbe güni Daniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Kasper Hýulmand Erikseniň meýdançada ýüregiň saklanma ýagdaýyny başdan geçirendigini aýtdy.


30.06.2024 14:28
10107

Ýewro-2024-üň 1/8 finaly: Italiýa Şweýsariýadan utuldy, Germaniýa Daniýany utdy

Şweýsariýanyň milli ýygyndysy Ýewropanyň häzirki çempionlary bolan Italiýany ýeňip, Ýewro-2024-üň çärýek finalyna çykdylar. Berlinde Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşyk 2:0 hasabynda tamamlandy. Gollary Remo...

26.06.2024 10:57
10435

Ýewro-2024: C we D toparçalarda netijeler kesgitlendi

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň netijesi boýunça Awstriýa Niderlandlary utup, D toparçada birinji orundan 1/8 finala çykdy. Berlindäki Olimpiýa stadionynda geçirilen oýun Ralf Rangnikiň...

21.06.2024 05:27
8669

Ýewro-2024: Ispaniýa Italiýany utup, pleý-off tapgyra çykdy, C toparyň oýunlarynda deňme-deňlik oýnaldy

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji oýnunda Serbiýanyň ýygyndysy Sloweniýa bilen deňme-deň oýnady (1:1). С toparyň Mýunhende geçen duşuşygy dartgynly boldy. 69-njy minutda slowen toparynyň...

26.03.2023 22:54
13345

Ýewro — 2024-iň saýlama tapgyrynda Gazagystan Daniýadan üstün çykdy

Futbol boýunça Gazagystanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýylda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionaty — 2024-iň saýlama tapgyrynda Daniýadan üstün çykdy. H toparda Astanada geçirilen duşuşykda ýer eýeleri 3:2 hasap...