Tramp «ähli kitaplaryň kitabyny» ýazýar

  • 14.06.2021 22:09
  • 8.3k+

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp kitap ýazmagyň üstünde işleýändigini habar berdi diýip, “Business Insider” ýazýar. Bu barada www.rbc.ru habar berýär.

“Men akylyndan azaşan ýaly ýazýaryn. Wagty gelende, siz ähli kitaplaryň kitabyny görersiňiz” – diýip, ozalky döwlet baştutany aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde Tramp “neşirlerden has ähtibarsyzragynyň” iki teklibini ret edendigini sözüniň üstüne goşdy. Ol özüniň gelen netijesini häzirki wagtda şeýle şertnama baglaşmak islemeýändigi bilen düşündirdi. Teklipler barada eks-prezident jikme-jik aýtmady.
Trampyň aýtmagyna görä, ol “has möhüm taslamanyň üstünde” işleýär. Ýöne ol gürrüňiň näme barada gidýändigini mälim etmedi.
Ýatlap geçsek, maý aýynda eks-prezident özüniň From the Desk of Donald J.Trump saýtyny işe girizdi. Tramp prezident wezipesinde “ajaýyp dört ýyly” geçirendigini aýtdy we 2024-nji ýylda gaýtadan dalaş etmek isleýändigini inkär etmedi.


18.03.2026 14:27
1.3k+

Tesla we LG ABŞ-da 4,3 milliard dollarlyk batareýa zawodyny gurar

Tesla we LG Energy Solutions kompaniýalary ABŞ-da batareýa öndürýän zawod gurmak barada ylalaşdylar. Maýa goýumyň umumy möçberi 4,3 milliard dollara deň bolar we zawody 2027-nji ýylda açmak meýilleşdirilýär. Zawod Miçigan ştatynyň Lansing şäherinde ýerleşer...

14.03.2026 20:47
10k+

Trampyň administrasiýasy TikTok-y ABŞ-da «oturdandygy» üçin 10 mlrd dollara garaşýar

Hytaýyň TikTok sosial ulgamynyň ABŞ-daky işini kanunlaşdyrmak zerurlygy bilen bagly mesele Donald Trampyň ikinji prezidentlik möhletiniň başyndan bäri dowam edip gelýärdi. Köp sanly yza süýşürmelerden soň, taraplar ahyrynda TikTok-yň amerikan biznesini «oturtmak», ýagny hyzmata gözegçiligiň bir bölegini amerikan maýadarlaryna bermek barada şertnama baglaşdy...

14.03.2026 09:35
5.5k+

Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi

Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär...

07.03.2026 07:32
10k+

Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň ABŞ-daky täze ilçisi wezipesine bellenildi

6-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi...