«Uly ýedilik» mätäçlik çekýän ýurtlar bilen sanjymlary paýlaşar

  • 13.06.2021 21:47
  • 6.9k+

ABŞ mätäçlik çekýän ýurtlara kömek bermek üçin 500 million doza sanjymlary satyn alar. Bu barada Beýik Britaniýanyň Kornuoll şäherinde geçirilýän «Uly ýediligiň» sammitiniň açylyşynyň öňüsyrasynda ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden aýtdy.

Sammite gatnaşyjylar bilelikde yzagalak sebitleri sanjymlaryň milliard dozasy bilen üpjün etmegi göz öňünde tutýarlar. Habar beriş serişdeleri ABŞ-dan sanjymlaryň eýýäm awgustdan goýberiljekdigini ýazýarlar. Mälim bolşy ýaly, geçen hepdede Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dünýä jemgyýetçiligini sanjymlary paýlaşmaga çagyrypdy.

«Amerikanyň Birleşen Ştatlary pandemiýa bilen göreşmekde sanjymlara örän uly mätäçlik çekýän ýurtlaryň, takmynan, 100-si üçin Pfizer kompaniýasynyň ýarym milliard doza sanjymyny satyn alar. Munuň özi taryhy ädim, aýratyn döwlet tarapyndan sowgat bermek üçin uly möçberdäki birwagtlaýyn satyn alynmadyr» diýip, Baýden belledi.

ABŞ hem, Beýik Britaniýa hem soňky aýlarda bu ýurtlar tarapyndan öndürilýän sanjymlary paýlaşmakdan ýüz öwrendikleri üçin tankyda sezewar boldy. Amerikan Lideriniň yzyna eýerip, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Boris Jonson hem mätäçlik çekýänlere 100 million doza sanjym ibermegi söz berdi. Pandemiýanyň täsirlerine garşy göreşmek Baýden bilen Jonsonyň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň hem esasy ugry boldy.

düýn 16:15
2.7k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer tiz wagtdan wezipesinden çekiler

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň lideri wezipesinden gitmekçidigini mälim etdi we özüniň deregine täze ýolbaşçy saýlanýança hökümete baştutanlyk etmegini dowam......

düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......