Olimpiada döwründe daşary ýurtly žurnalistleriň hereketi GPS arkaly gözegçilikde saklanar

  • 11.06.2021 19:30
  • 4.6k+

Ýaponiýanyň Hökümeti koronawirus ýokajynyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Tokioda geçirilýän tomusky Olimpiýa oýunlaryny şöhlelendirjek daşary ýurtly žurnalistleriň hereketlerini yzarlar, şol sanda GPS arkaly berk gözegçilikde saklar. Bu barada «Tokio-2020-niň» Guramaçylyk komitetiniň başlygy Seýko Hasimoto habar berdi — diýip, tass.ru ýazýar.  

«Biz žurnalistleriň ýerleşdirilişini olaryň özleri üçin niýetlenen ýerlerini taşlap gitmezlikleri ýaly GPS ulgamy arkaly berk gözegçilikde saklarys» diýip, ol Guramaçylyk komitetiniň mejlisinde aýtdy. Onuň sözlerine görä, daşary ýurtly metbugat wekilleri üçin öňünden ýörite bellenen myhmanhanalaryň sany, takmynan, 350-den 150-ä çenli azaldyldy. Munuň özi olary has amatly ýerleşdirmek we hemmesini bir ýerde jemlemek üçin edildi. 

Habar berlişi ýaly, Ýaponiýa gelen pursadyndan başlap, iki hepdäniň dowamynda daşary ýurtly žurnalistlere jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak gadagan ediler, olaryň şäher boýunça iş saparlary bolsa Guramaçylyk toparynyň işgärleriniň we ýerleşdirilen myhmanhanalarynyň gözegçiligi astynda bellenen ýerler boýunça güýçli çäklendiriler. 
Olimpiadanyň Guramaçylyk toparynyň Baş sekretary Tosiro Mutonyň mejlisiň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda bellemegine görä, daşary ýurtly žurnalistleri gözegçilikde saklamak hakyndaky çözgüt, onuň pikiriçe, metbugat azatlygyny çäklendirmek bilen bagly däl. «Biz, ilkinji nobatda, koronawirus ýokanjynyň ýaýramak töwekgelçiliginiň ýokarlanmazlygy babatda aladalanýarys» diýip, Muto aýtdy. GPS ulgamy arkaly gözegçilik žurnalistler Ýaponiýa gelenlerinden 14 günden soň bes ediler.


31.03.2026 07:17
2.5k+

19 ýaşly Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisini utdy we «Formula-1-iň» iň ýaş lideri boldy

«Mercedes» toparynyň sürüjisi Kimi Antonelli Ýaponiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryşa birinji ýerden başlan italiýaly sürüji yzyndan gelýän Oskar Piastriden («McLaren») 13,7 sekunt tiz bolup, pellehana......

24.12.2025 13:21
8.1k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar...

25.11.2025 17:08
8.8k+

Türkmenistanly karateçi Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde dünýä çempionatynda çykyş eder

Türkmenistanyň Kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň agzasy Meýlis Paşagulyýew "The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025" dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Maebasi şäherine ugrady...

15.10.2025 13:11
2.9k+

Türkmen wekiliýeti Osakada «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasyna gatnaşdy

13-nji oktýabrda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň ýapylyş dabarasy geçirildi.  Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär...