Amazonkanyň «altyn» howpy

  • 08.06.2021 14:59
  • 23k+

Altynyň we beýleki peýdaly baýlyklaryň bikanun gazylyp alynmagy diňe bir dünýäniň biodürlülige örän baý ýerine — Amazonka däl, eýsem, millionlarça adamyň ýaşaýyş gurşawynyň serişdelerine hem täsirini ýetirýär. Bu barada azertag.az-yň habarçysy öz makalasynda ýazýar.

Amazonka tropiki tokaýlaryň we derýalaryň iň iri ulgamy hökmünde bellidir. Bu ýerde planetanyň bipdürlüliginiň 10 göterimi jemlenip, Latyn Amerikasyndaky 9 döwletiň çägine ýaýylyp gidýär. Bu ýerde 47 milliondan gowrak adam, şol sanda ýerli oturymly halklaryň 410-sy ýaşaýar. Özüniň gelip çykyşyna we ekologik häsiýetnamalaryna laýyklykda, bu sebit klimaty kadalaşdyrmak we suwuň aýlanyşygy üçin esasy orun eýeleýär, şonuň bilen birlikde, sebitiň ekologiýa we ykdysady abadançylygyna-da öz täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, Amazonkany gorap saklamak ählumumy ekoulgam üçin örän uly ähmiýete eýedir.
Tokaýlaryň çapylmagy bilen birlikde, derýalaryň hapalanmagy hem Amazonkanyň dürli görnüşli ekoulgamy üçin örän uly howp döredýär. Bu hapalanma gazylyp alynýan baýlyklaryň, şol sanda altynyň rejeli däl usullar arkaly çykarylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Altyny almak üçin simabyň ulanylmagy adaty hadysa hasaplanýar, ýöne onuň daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýetirýän zyýany göz öňünde tutulmaýar. Degişli gözegçiliksiz amala aşyrylýan dag-magdan senagaty tokaýlaryň ýok bolup gitmegine, topragyň eroziýasyna, suwlaryň we gidrobiologik serişdeleriň hapalanmagyna, şeýle-de derýalaryň akymynyň üýtgemegine sebäp boldy.
Dünýä resurslary we sosial-ekologiki torlar institutynyň Amazonkanyň geografiki ýagdaýlary baradaky maglumatlaryna görä, kanuny däl dagçylar gazyp almagyň islendik görnüşi gadagan edilýän ýerli oturymly halklaryň 370 gektar meýdanyna kürsäp girdiler. Mundan başga-da, simaply operasiýalaryň netijesinde, Amazonkanyň derýalarynyň 30-sy hapalanýar. Umumy suw ýygnaýjy desgalar arkaly balyklar serhetden geçip, göçüp gidýärler. Maglumatlara görä, ýerli halklaryň ýaşaýan jemgyýetiniň takmynan 80 göterimine bolsa balyklar iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär. 
BSGG-niň maglumatlaryna laýyklykda, kolumbiýa Amazonkasynda ýaşaýan ýaşaýjylaryň käbiriniň rugsady bilen alnan saç we gan nusgalary olaryň ganynda simabyň möçberiniň bolmalysyndan 150 esse ýokarydygyny görkezýär. Bedendäki metalyň bu ýokary derejesi olaryň nerw, iýmit siňdiriş we immun ulgamyna täsirini ýetirýär.
Ine, hut şu meseleler hem sebitiň köp ýurtlarynda howsalalyk döretdi we şunuň bilen baglylykda, altynyň gazylyp alnyşyny peseltmek boýunça Amazon sebitleýin bileleşigi döredi. Ol ilkibaşda Kolumbiýada başlap, häzirki wagtda Braziliýadan, Perudan, bolowiýadan, Fransuz Gwianasyndan hökümet we raýat jemgyýeti guramalary hem oňa gatnaşýar. Olar bilelikde Amazonkanyň tebigatyna we adamlara altynyň gazyp alnyşynyň täsirini azaltmak boýunça hereketleri utgaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk üçin meýdançany döretmäge çalyşýarlar.

düýn 20:13
3.7k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......

18.04.2026 23:36
3.4k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

16.04.2026 14:05
8.4k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

14.04.2026 22:56
2.1k+

Ýawa adasynda Semeru wulkanynyň 6 sany täze atylmasy hasaba alyndy

Indoneziýanyň merkezi bölegindäki Gündogar Ýawa welaýatynda Semeru wulkanynyň azyndan alty sany täze atylmasy hasaba alyndy. Işjeňligiň netijesinde kül deňiz derejesinden 4 676 metr belentlige ýetdi diýip,......