Billi Aýlişiň täze klibi bir günde 10 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi

  • 07.06.2021 17:17
  • 12k+

Amerikaly meşhur aýdymçy Billi Aýliş muşdaklaryny nobatdaky gezek geň galdyrdy: onuň täze çykaran klibi 24 sagadyň dowamynda 10 milliondan gowrak gezek tomaşa edildi. Bu barada Sputnik gullugy habar berdi.

Aýdymçynyň premýeradan soňky ilkinji 24 sagadyň dowamynda “YouTube” platformasynda rekord derejede tomaşa edilen klibiniň aýdymy “Lost cause” diýlip atlandyrylýar. Bu kompozisiýada söýgülisine gül berip bilmeýän işsiz adam hakynda beýan edilýär. Aýdymyň Billi Aýlişiň 30-njy iýulda çykmagy meýilleşdirilýän täze albomyna hem girmegine garaşylýar. “Lost cause” klibinde Billiniň dostlary bilen tans edýän epizodlaryna hem aýratyn orun berlipdir.
Billiniň özi täze çykjak albomynyň şu wagta çenli üstünde işlän iň gowy taslamasydygyny, ony janköýerlerine görkezmäge howlugýandygyny ozal birnäçe gezek aýdypdy.


05.06.2026 13:07
4.5k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....