Ýapon alymlary ummanyň düýbüni 8000 metr çuňluga çenli burawladylar

  • 07.06.2021 17:08
  • 12k+

Ýapon alymlary Fukusimanyň golaýynda ummanyň düýbüni 8023 metr çuňluga çenli burawladylar. Munuň özi burawyň çuňlugy boýunça rekord derejedir diýip, cursorinfo.co.il habar berdi.

Bu dünýä rekordy «Kaimei» gämisiniň ekipažy tarapyndan geçen aý goýlupdy. Ondan öňki rekord bolsa mundan 50 ýyl ozal hasaba alyndy. Şonda alymlar Marian çöketliginde 7034 metr çuňlukdan nusgalary alypdylar.
Fukusimanyň golaýynda rekord hökmünde hasaba alnan buraw işleri 2 sagat 40 minut dowam etdi. Onuň netijesinde döredilen guýyny taryhda iň çuň burawlanan we özleşdirilen suw obýekti diýip ynam bilen atlandyryp bolar.
Alymlar täze ekspedisiýanyň Ýaponiýada ýygy-ýygydan bolup geçýän ýer titremeleri barada has köp zat öwrenmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarlar. Mysal üçin, häzirki buraw meýdançasyndan uzak bolmadyk ýerde 2011-nji ýylda uly göwrümli Tohoku ýer titremesi bolup geçipdi. Hut şu Fukusima ýadro stansiýasyndaky betbagtçylyga uly göwrümli sunami sebäp bolupdy diýip, çeşme belleýär.


08.06.2026 13:01
8.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
7.9k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.5k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......

20.04.2026 20:13
7.1k+

Ýaponiýada 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy we sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi

Ýaponiýanyň demirgazyk-gündogar kenarynda 7,7 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Ýer titremesinden soň birnäçe sebitde sunami howpunyň bardygy hakynda duýduryş berildi diýip, Ýaponiýanyň meteorologiýa......