Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

  • 07.06.2021 14:07
  • 48k+

6-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Milli Liderimiz Serdar Berdimuhamedowyň Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde bu ajaýyp bedewe özleriniň eýe çykmagynyň dogry boljakdygyny aýdyp, atşynaslarymyzyň behişdi bedewlerimiziň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagynyň bähbidine zerur tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde idedilýän Hanbeg, Serdar Berdimuhamedow bolsa, Şapolat atly bedewlerde çapuw ýodasynda gezim etdiler.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow atly gezelenjiň dowamynda eziz Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işleri, ýurdumyzyň gündelik durmuşynyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

15.03.2026 09:34
8.1k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler

14-nji martda, Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Türkmenistanyň Prezidenti agzaçar sadakasyny berdiler...

08.03.2026 22:08
6.3k+

Türkmenistanda 200-den gowrak köp çagaly enä «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy

Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» hormatly ady dakyldy. Sylaglary gowşurmak dabarasy Halkara zenanlar güni mynasybetli Aşgabatda geçirildi...

29.06.2023 09:06
34k+

29-30-njy iýunda Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanynda bolar

Şu gün, 29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet haj parzynyň ýerine ýetirmek üçin Mekgä ugrar. Türkmenistanyň...

şu gün 00:01
1.4k+

Alymlar ýabany balarylaryň abstrakt ritm duýgusynyň bardygyny subut etdiler

Hytaýly, beýik britaniýaly we awstraliýaly biologlar ýabany balarylaryň ritmiki üýtgese-de, çylşyrymly ritmik patternleri tanamak ukybynyň bardygyny anykladylar diýip, Science žurnaly habar berýär....