Facebook Trampyň sahypasyny 2 ýyllyk ýapdy

  • 06.06.2021 14:49
  • 10k+

Facebook ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Trampyň akkaundyny möhletsiz ýapmak hakyndaky çözgüdine gaýtadan seretdi: Trampa ondan peýdalanmagyň gadagan edilmegi 2 ýyl möhlete çenli diýip karara gelindi. Eks-prezidentiň özi muny «kemsidilme» diýip atlandyrdy.  

Iki ýyllyk möhlet Ak tamyň ozalky prezidentiniň Facebook-daky sahypasynyň ilkinji gezek ýapylan senesinden — 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan hasaplanyp başlanar. Sosial toruň ýolbaşçylygynyň belleýşi ýaly, eger-de ol «jemgyýetçilik howpsuzlygy üçin güýçli töwekgelçilik» döretmese, munuň özi Trampyň Facebook-a 2023-nji ýylyň başyndan girip biljekdigini aňladýar. Has aňryçäk ýagdaýda serwis onuň akkaundynyň ýapylmak möhletini uzaldar ýa-da onuň sahypasyny yzyna gaýtaryp bolmaz ýaly bozmaklyga çenli başga sanksiýalary ulanar. Şoňa görä-de, Tramp akkaundyny ulanyp başlanda, onuň hereketleri berk gözegçilik astynda bolar. 

Mälim bolşy ýaly, Facebook, Instagram we YouTube onuň tarapdarlarynyň 6-njy ýanwardaky Kapitoliýadaky aýgytly hüjümlerinden soň, Donald Trampyň akkaundyna wagtlaýyn böwet goýdy. Twitter bolsa ony şahsy sahypasyndan hemişelik mahrum etdi. Sosial torlaryň belleýşi ýaly, ABŞ-nyň eks-prezidentiniň habarlary zorlukly hereketleri has öjükdirdi. 

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......