Kann kinofestiwaly iýul aýynda geçiriler

  • 02.06.2021 23:50
  • 3.2k+

Fransiýanyň Kann şäheri sabyrsyzlyk bilen myhmanlara garaşýar. Şu ýylyň 6 — 17-nji iýuly aralygynda bu şäherde meşhur Kann kinofestiwaly geçiriler. Adatça her ýylyň maý aýynda geçirilýän bu çäräniň iýula süýşürilmegi şoňa çenli Fransiýada käbir çäklendirmeleriň ýatyryljakdygy bilen baglanyşyklydyr.

Häzir kaşaň apartamentler bilen birlikde, az býujetli myhmanhanalaryň hem otaglarynyň bronlanyş derejesi haýal. Çaklamalara görä, myhmanhanalaryň diňe 25 göterimi adamly bolar. Muňa garamazdan, işgärler hemme zadyň gowy boljakdygyna ynanýarlar.
Iýunyň ahyryna çenli myhmanhanalardyr restoranlaryň ählisiniň işgärlerine sanjym ediler. Biz festiwala gatnaşyjylary we syýahatçylary kabul edip, olaryň howpsuzlygyny kepillendirmäge taýýar — diýip, Kann şäheriniň Myhmanhanalar birleşiginiň başlygy Kristin Welter belleýär. Pandemiýadan öňki ýyllarda bu meşhur kinofestiwala tomaşa edýänleriň sany 40 müňe adama golaýlaýardy, ýöne bu ýyl myhmanlaryň sany iki esse az bolar.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......