Hytaýda «bir maşgala — üç çaga» syýasaty giriziler

  • 01.06.2021 15:00
  • 15k+

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň merkezi komitetiniň syýasy býurosy ýurduň raýatlaryna maşgaladaky çagalaryň sanyny 3-e ýetirmäge rugsat berdi. Ýöne entek bu çözgüdiň haçandan güýje girjekdigi aýdylmaýar diýip, euronews.com habar berýär. 

Hytaýyň ilaty häzirki wagtda 1 milliard 400 milliona barabar. Ýöne ýurtda dogluş görkezijisi yzygiderli peselýär. Geçen ýylda bolsa HHR-iň esaslandyrylan wagtyndan bäri onuň iň pes görkezijisi hasaba alyndy. Merkezi komitetiň beýanatyna görä, Hytaýyň ilatynyň garramagy demografik syýasata täze üýtgeşmeleri girizmäge sebäp boldy.
Mälim bolşy ýaly, HHR-iň Hökümeti tebigy resurslaryň çäklidigini nazara alyp, 1979-njy ýylda «Bir maşgala — bir çaga» syýasatyny girizdi. Ol belli bir derejede ýurtdaky durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmaga täsir eden hem bolsa, gender deňagramlylygynyň bozulmagyna getirdi: jemgyýetde oglanjyklary terbiýelemäge üns güýçlendi. Bu ugurda gazanylan oňyn netijeler 2016-njy ýylda «Bir maşgala — bir çaga» syýasatynyň bes edilmegine getirdi. Häzir hytaýlylara maşgalada 2 sany çaga rugsat berilýär.

şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.1k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
917

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
3.8k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......