LG iň soňky smartfonuny çykardy

  • 01.06.2021 12:53
  • 10k+

LG kompaniýasy aprel aýynyň başynda smartfon öndürmegi bes edýändigini habar beripdi, ýöne häzire çenli täze modeller konweýerden çykmagyny dowam etdirdi. Emma şu günden, 31-nji maýdan başlap, kompaniýa smartfon we planşet önümçiligini doly derejede bes edýär diýip, RIA Nowosti habar berýär.

LG-niň taryhynda hoşlaşyk smartfonlary erkin satuwa çykmadyk Velvet 2 Pro we LG Rollable boldy. Çykarylan birnäçe müň modeli kompaniýa Günorta Koreýadaky işgärleriniň arasynda satýar.
Wýetnamyň Haýfon şäherindäki LG zawody kompaniýanyň smartfon önümçiligi boýunça esasy merkezi bolupdy. Indi onuň meýdançasy durmuş enjamlaryny çykarmak üçin ulanylýar, “smartfon” konweýerlerinden galan işçiler iýul aýynyň ahyryna çenli täze wezipeleri ýerine ýetirmäge belleniler.
Zawod 2015-nji ýylda işläp başlamak bilen, smartfonlardan başga-da telewizor we durmuş enjamlaryny çykardy. Bu ýerde bölünip aýrylan kompaniýalar LG Innotek bilen LG Display, degişlilikde, kamera modullaryny we displeýlerini öndürýärler.
LG Electronics iň uly durmuş enjamlaryny öndüriji bolmagy göz öňünde tutýar. Şu maliýe ýylynyň birinji çärýeginde ol esasy garşydaşy bolan Whirpool-dan geçdi. Hünärmenleriň pikiriçe, şeýle ýagdaý iň bolmanda ýylyň ahyryna çenli saklanar.

07.04.2026 16:56
7k+

Meýdançadan biznese: Ronaldu, Kortua we Lebron tehnologiýalara maýa goýýarlar

Janköýerleriň biri-birinden gyzykly futbol oýunlaryna we transferlere aňk bolup, tomaşa edýän wagtynda, dünýäniň futbol ýyldyzlary başga bir meýdançada–maýa goýum äleminde «şowly pas berip, owadandan owadan......

07.04.2026 16:35
4.8k+

Dünýä egin-eşik bazarynyň göwrümi $1,75 trilliona ýetdi: iň uly ägirtler kimler?

2025-nji ýylda dünýäniň lybas we moda bazarynyň umumy bahasy, takmynan 1,75 trillion dollar möçberinde kesgitlenildi. Bu örän uly mukdar bolup, dünýäniň jemi içerki önüminiň 1,6%-ine deňdir....

07.04.2026 15:36
2.7k+

Alymlar tirannozawryň derisini täzeden döretdiler: ondan eýýäm ýantorba ýasaldy

Alymlar tarapyndan emeli usulda döredilen «tirannozawryň derisinden» ýasalan dünýädäki ilkinji ýantorba 660 müň dollar başlangyç baha bilen auksiona çykarylar. Bu material ýöne bir öýkünme däl: ol ýok bolup......

01.04.2026 19:33
5.4k+

«Galatasaraý» tutuş Türkiýe boýunça kafe ulgamyny açmagy meýilleşdirýär

«Galatasaraý» futbol kluby täze girdeji çeşmesini — «GS Store Cafe» brendi bilen kafeler ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Taslama françaýzing modeli boýunça ösdüriler we Türkiýäniň ähli çäklerini öz......