2022-nji ýylda «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy mart aýyna süýşüriler

  • 30.05.2021 12:37
  • 6.1k+

2022-nji ýylda “Oskar” baýragynyň 94-nji gowşurylyş dabarasynyň senesi 27-nji fewraldan 27-nji marta geçiriler. Bu barada maglumat Amerikanyň kino sungaty akademiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär.

Şeýle-de, filmleri saýlamagyň ahyrky möhletiniň 31-nji dekabra çenli dowam etjekdigi we filmleriň 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda çykan bolmalydygy habar berilýär.

“Oskar” baýragynyň 94-nji gowşurylyş dabarasynda dalaşgärlere bildirilýän talaplar 93-nji baýrak gowşurylyş dabarasynyň möwsüminde girizilen goşmaçalara gabat geler. Şu ýylyň ahyrynda akademiýa 95-nji baýrak üçin kwalifikasiýa talaplaryny giňeltmegi meýilleşdirýär” – diýlip, tekstde aýdylýar.

Birnäçe nominasiýalarda baýragyň gysga sanawyna giren filmler 21-nji dekabrda belli bolar, ähli kategoriýalarda baýraga dalaşgärler 8-nji fewralda yglan ediler.
Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly girizilen çäklendirmeler sebäpli, 2021-nji ýylda guramaçylar 93-nji dabaranyň gerimini kiçeltmeli boldular. Onuň esasy bölegi Los-Anjelesiň Union Station demir ýol menziliniň amfiteatrynda geçirildi. Iň gowy film “Çarwalaryň ýurdy”, iň gowy režissýor – Hloýa Çžao, iň gowy aktrisa – Frensis Makdormand, iň gowy aktýor – Entoni Hopkins boldy. Dabaranyň ýaýlymyna 9,85 mln adam tomaşa etdi, bu baýrak gowşurylyş dabarasynyň taryhynda iň pes görkezijidir.

şu gün 00:03
1.2k+

ÝUNESKO-nyň mirasynyň 80%-i howp astynda, hatda Beýik Hytaý diwary-da...

ÝUNESKO-nyň 2025-nji ýyldaky barlagyna görä, Bütindünýä mirasynyň sanawyndaky ýadygärlikleriň 80%-i howa şertleriniň üýtgemegi sebäpli weýran bolmak howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýar....

düýn 23:26
1.1k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....

düýn 23:20
513

«Mumiýa 4» filminiň premýerasy has irki möhlete geçirildi

Universal Pictures kompaniýasy geljekki çykaryljak filmleriniň tertibini üýtgetdi. Hususan-da, «Mumiýa» filminiň dördünji bölümi meýilleşdirileninden has ir ekrana çykar....

düýn 23:15
1.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......