Baýden aňtaw gulluklaryna koronawirusyň gelip çykyşyny 90 günde anyklamagy tabşyrdy

  • 29.05.2021 21:27
  • 16k+

Sputnik gullugynyň ýazmagyna görä, amerikaly hünärmenler koronawirusyň peýda bolmagynyň sebäbi hakynda belli bir netijä gelmegi başarmadylar. Olar munuň ýokançly haýwan bilen adamyň galtaşygynyň netijesidiginem, ylmy barlaghanada adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmagynyň netijesidiginem anyklap bilmediler. Bu barada ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden mälim etdi.

Ol mart aýynda aňtaw gullugyna koronawirusyň gelip çykyşy barada hasabat taýýarlamagyň tabşyrylandygyny aýtdy.

"Häzirlikçe ABŞ-nyň aňtaw gullugy "mümkin bolan iki ssenariýanyň daşyna jemlendi, ýöne gutarnykly netijä gelmedi"-diýlip, Ak tamyň başlygynyň beýanatynda aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Baýden ýurduň aňtaw gullugyna koronawirusyň gelip çykyşy barada maglumat ýygnamak boýunça tagallalary iki esse güýçlendirmegi tabşyrandygyny aýtdy. Şeýle hem olaryň derňewiň netijeleri barada 90 günüň içinde habar bermelidigini belledi.


23.03.2026 07:22
6.4k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.5k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...

16.03.2026 19:31
5k+

Gawaidäki Kilauea wulkany 540 metr beýiklige lawa zyňdy

Gawai adasyndaky Kilauea wulkany soňky atylmasy wagtynda 540 metr beýiklige lawa zyňdy. «IFLscience» neşiriniň ýazmagyna görä, bu beýiklik 2024-nji ýylyň dekabryndan bäri dowam edýän häzirki atylmalar döwründe iň ýokary dereje boldy...

12.03.2026 23:40
13k+

ABŞ-nyň birnäçe ştatyna wehimli tornado aralaşyp, güýçli doly ýagdy

Hepdäniň başynda ABŞ-nyň birnäçe sebitinde yzigiderli dowam edýän güýçli harasatlar başlandy. Tehasdan Miçigana çenli bolan aralykdaky ýerlerde çabga ýagyşlary, uly göwrümli doly we güýçli ýel hasaba alyndy. Tebigy harasat sişenbe güni, 10-njy martda başlandy...