Toyota Corolla 24 sagatlyk ýaryşa gatnaşan ilkinji wodorod awtoulagy boldy

  • 28.05.2021 17:12
  • 14k+

Toyota kompaniýasy Super Taikyu seriýasyna degişli bolan wodorod bilen işleýän Corolla Sport-y tanyşdyrdy. 24 sagatlyk ýaryşda ilkinji gezek ýöne bir elektrik öndürmek üçin wodorod ýangyç öýjüklerini ulanman, eýsem, tutuşlygyna wodorodda işleýän awtoulag gatnaşdy. Bu barada Nikkei habar berdi.

Awtoulag öz benzinde ýöreýän bäsdeşlerinden has ýygy-ýygydan ýangyç almaly boldy. 24 sagat dowam eden ýaryşda beýleki bäsdeşler, takmynan, 20 gezek ýangyç guýan bolsa, Toyota 35 gezek ýangyç aldy.
Corolla-da Fukuşima wodorod energiýa gözleg merkezinde öndürilen 1,6 litrlik, üç silindrli, gysylan wodorodda işleýän modifisirlenen hereketlendiriji ulanyldy.
Wodorodly hereketlendirijileriň esasy kemçiliklerinden biri, onda gazyň ýanyş tizliginiň ýokary bolmagydyr. Munuň özi hereketlendirijiniň işleýşine gözegçilik etmegi kynlaşdyrýar we ýangyç guýujy enjamlary ulaltmagy talap edýär.
Toyota geljekde tehnologiýany kämilleşdirmek we kemçilikleri düzetmek üçin ýaryşlara wodorod awtoulaglarynda gatnaşmak isleýär. Ol wodorod hereketlendirijilerini elektrik hereketlendirijilerine mynasyp bäsdeş etmek isleýär diýip, çeşme belleýär.


düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

11.05.2026 22:40
3.5k+

Toyota Corolla-nyň 60 ýyllygyna bürünç dizaýnly ýörite görnüşi çykardy

Toyota kompaniýasy Corolla modeliniň 60 ýyllygy mynasybetli Corolla Altis sedanynyň, Corolla Cross krossoweriniň we Corolla Sport hetçbeginiň ýörite ýubileý görnüşlerini tanyşdyrdy. Ýubileý modelleriniň......

09.05.2026 10:32
5.2k+

Toyota Awstraliýada iň kuwwatly Land Cruiser 300-i satuwa çykardy

Toyota kompaniýasy Awstraliýada Land Cruiser 300-iň gibrid görnüşini resmi taýdan tanyşdyrdy. Carscoops neşiriniň habar bermegine görä, mundan ozal iň kuwwatly Land Cruiser diňe Gündogar Ýewropanyň käbir......

06.05.2026 09:03
6.3k+

Toyota Tundra howpsuzlyk synaglarynda F-150-den has ýokary netijeleri görkezdi

IIHS-iň täze geçiren kraş-testleri uly göwrümli pikaplar segmentinde garaşylmadyk netijäni ýüze çykardy. Toyota Tundra synaglarda iň ýokary netijeleri görkezip, howpsuzlyk derejesi boýunça Ford F-150-den öňe......