GDA-nyň premýer-ministrleri ýokanç kesellere garşy göreş meýilnamasyna gol çekerler

  • 27.05.2021 23:18
  • 9.2k+

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň premýer-ministrleri anna güni, 28-nji maýda Minskde geçiriljek duşuşykda ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereket meýilnamasyna we galp söwda nyşanlarynyň ulanylmagynyň öňüni almak baradaky birnäçe şertnama gol çekerler. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň diwanhanasynda habar berildi diýip, TASS belleýär.

“Esasy üns Arkalaşygyň döwletleriniň ykdysadyýetiniň koronawirus pandemiýasynyň täsirlerinden dikeldilmegine, özara söwdanyň sanly üýtgeşmelerini işjeňleşdirmäge gönükdiriler” – diýlip, Russiýa hökümetiniň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.
GDA-nyň premýer-ministrleri tarapyndan ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, Arkalaşygyň ýurtlarynyň territoriýalarynyň sanitar goragy, ilaty iş bilen üpjün etmek, galp önümlere garşy göreşmek we GDA döwletlerinde döwlet maddy ätiýaçlyklaryny dolandyrýan häkimiýet edaralarynyň özara gatnaşyklary ýaly meselelere serediler diýlip çaklanylýar. “Duşuşygyň ahyrynda birnäçe halkara şertnamalara gol çekmek meýilleşdirilýär” – diýip, metbugat gullugy habar berýär.
“Orta möhlet bilen hökümet ýolbaşçylary tarapyndan epidemiýanyň ýaýramagyna ýol bermezlige we Arkalaşygyň döwletleriniň ýokanç keselleriň öňüni almak we göreşmek mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereket Meýilnamasy kabul ediler” – diýip, Russiýanyň Ministrler kabinetiniň diwanhanasy habar berýär.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......