2020-nji ýylda daşary ýurtlularyň Beýik Britaniýa sapary 73% pese gaçdy

  • 27.05.2021 13:26
  • 5.4k+

COVID-19 pandemiýasy sebäpli hereket edýän çäklendirmeleriň netijesinde 2020-nji ýylda daşary ýurt raýatlarynyň Beýik Britaniýa eden saparlarynyň sany 73% - 11,1 milliona çenli azaldy. Muny ýurduň Milli statistika edarasynyň (ONS) maglumatlary delillendirýär diýip, kapital.kz habar berýär.

Geçen ýyl Beýik Britaniýada daşary ýurt raýatlarynyň çykdajylary ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 78% az, ýagny 6,2 mlrd funt sterling (8,8 mlrd dollar) boldy.
Iş saparlarynyň sany, şeýle-de dostlaryňy we garyndaşlaryňy görmäge barmaklyk 72% - degişlilikde 2,5 milliona we 3,4 milliona çenli azaldy.
Britaniýalylar 2020-nji ýylda daşary ýurtlara 23,8 mln sapary amala aşyrdylar, bu ondan öňki ýyla garanda 74% azdyr. Daşary ýurtlarda britaniýalylaryň çykdajylary 2019-njy ýyldaky derejesinden 78% pes bolup, 13,8 mlrd funta deň boldy.
Beýik Britaniýanyň syýahatçylyk pudagy sanjym işiniň çalt ösüşi we karantin çäklendirmeleriniň kem-kemden ýatyrylmagy netijesinde, şu ýyl dikeldişe garaşýar diýip, “Financial Times” gazeti ýazýar.

düýn 20:17
3.3k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......