Joş Teýlor Hose Ramiresi ýeňip, boks boýunça absolýut dünýä çempiony boldy

  • 25.05.2021 12:32
  • 12k+

30 ýaşly şotlandiýaly boksçy Joş Teýlor Las-Wegasda ýeňil agram derejesinde absolýut dünýä çempiony boldy. Ol eminleriň biragyzdan karary bilen 28 ýaşly amerikaly boksçy Hose Ramiresi ýeňdi.

Söweşiň başynda türgenleriň güýçleri deň geldi, ýöne soňra WBA-nyň we IBF-iň titullarynyň eýesi bolan Teýlor artykmaçlyk gazanmaga başlady we WBC-niň we WBO-nyň çempiony Ramirezi iki gezek - altynjy we ýedinji raundlarda nokdaun etmegi başardy.  Teýlor soňky raundlarda biraz haýallady we Ramirez söweşiň soňky sekuntlaryna çenli ýagdaýy öz bähbidine üýtgetmäge çalyşdy. Netijede, eminler 114-112 hasap bilen ýeňşi Joş Teýlora berdiler.
Mundan ozal, iki çempionyň hem wekili bolan Bob Arum şu söweşiň ýeňijisiniň başga bir ýokary derejeli boksçy, agyr agram derejesinde WBO-nyň çempiony we absolýut ýeňil agram derejesinde çempion Terens Krawford bilen duşuşyp biljekdigini aýdypdy.


24.04.2026 14:35
5.3k+

«Rowaýatylaryň söweşi»: Meýwezer Usikden soň kikboksçy bilen tutluşar

Amerikaly boks ägirdi Floýd Meýwezer grek kikboksçysy Maýk Zambidis bilen görkezme söweşini geçirer. «Rowaýatylaryň söweşi» diýlip atlandyrylan bu duşuşyk 27-nji iýunda Afinadaky «OAKA» Olimpiýa toplumynda......

07.04.2026 00:00
6.6k+

Tim Szýu WBO International guşagyny eýeledi

Awstraliýaly boksçy Tim Szýu orta agram derejesinde WBO International çempiony tituly ugrundaky tutluşykda albaniýaly boksçy Denis Nurjuny ýeňdi....

01.04.2026 16:05
3k+

Dmitriý Biwol Ýekaterinburgda Mihael Eýfert bilen titul urşuny geçirer

Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks federasiýasynyň (IBF) ýarym agyr agram boýunça dünýä çempiony, russiýaly Dmitriý Biwol germaniýaly Mihael Eýfert bilen......

10.03.2026 18:35
4.5k+

Tim Szýu Awstraliýadaky ýaryşda ýeňilmezek Denis Nurja bilen urşar

5-nji aprelde Awstraliýanyň Wullongong şäherinde boks agşamy geçiriler. Onuň esasy duşuşygynda birinji orta agramda öňki dünýä çempiony, awstraliýaly Tim Szýu bilen ýeňilmedik alban boksçysy Denis Nurja duşuşar...