Türkmenistanyň Prezidentine Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty diýen at dakyldy

  • 24.05.2021 21:10
  • 21k+

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty» diýen at dakyldy.

Bellenilişi ýaly, bu hormatly at Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherini syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen milli binagärligini täze derejelere ýetirmekde, ak şäherimiz Aşgabady adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde dünýä tanatmakda, häzirki zaman şäher düzümini kemala getirmekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny hem-de şahsy goşandyny we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň isleg-arzuwlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli dakyldy.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......