25-nji maýda Aşgabatda nähili täzeliklere garaşylýar?

  • 24.05.2021 21:02
  • 42k+

140 ýaş ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran ak şäherimiz bu gün wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. Aşgabadyň 140 ýyllygynyň baýram edilýän ýyly diňe şäheriň däl, tutuş türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen girer. Sebäbi şu ýyl şanly sene mynasybetli ajaýyp täzelikleriň birnäçesi durmuşa geçiriler. 25-nji maýda – Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzda nähili täzeliklere garaşylýar?

Paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 140 hojalyk täze öýlerde jaý toýuny toýlarlar. Bu toý gününiň baş täzelikleriniň biri bolar. Şeýle-de, şol gün şäher içinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. ak mermerli şäherde täze, amatly awtobuslaryň 400-si işe giriziler. Şäher içindäki ähli awtobuslar baýram gününde ýolagçylara tölegsiz hyzmat eder. Bu bolsa aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterer.
Şanly senä gabatlanylyp, baýramçylyk dabaralary geçiriler, dürli maksatly täze desgalar, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler, «Ak şäherim – Aşgabat» atly ХХ köpugurly halkara sergi, sungat ussatlarynyň çykyşlary, sergiler, döredijilik bäsleşikleri, forumlar, sport ýaryşlary, at çapyşyklary we beýleki çäreler guralar. Paýtagtymyzy ösdürmäge köp ýyllaryň dowamynda halal zähmeti bilen uly goşant goşan işgärler, hünärmenler baýramy döwlet sylaglary bilen garşylarlar.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 26-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagyny teklip etdi. Bu şanly senä goýulýan hormaty, merjen şäherimiziň bagt mekanydygyny aňladýar. Şeýle-de, şol gün täze doglan çagalaryň maşgalalaryna ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.
25-nji maýda paýtagtymyzyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutular.
Ýene-de bellemeli zat, paýtagtymyzyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz bilen doganlaşan daşary ýurt şäherleriniň ýolbaşçylarynyň we medeniýet hem-de sungat işgärleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçiriler.
Şanly sene baýramçylyk feýerwerki bilen tamamlanar. Bütin türkmen halky taryha möhüm sene bolup girjek şeýle wakalaryň şaýady bolmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Watandaşlarymyzyň iň oňat arzuw-umytlary hem ýakynlaşyp gelýän şanly sene bilen baglanyşyklydyr.

şu gün 00:57
3.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.3k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

düýn 21:09
969

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

düýn 16:13
4k+

Italiýada adamlar tiramisu iýmek üçin ylgar

Italiýanyň Trewizo şäheri sport bilen süýji tagamy utgaşdyrýan özboluşly bir çärä — tiramisu ylgawyna taýýarlyk görýär. «Dexerto» neşiriniň habar bermegine görä, 11-nji oktýabrda şäheriň taryhy köçelerinde 6......