Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähine gaýybana syýahat

  • 24.05.2021 13:09
  • 21k+

Ýadyňyzda bolsa, 2018-nji ýylyň 24-nji aprelinde goňşy Özbegistanyň we Türkmenistanyň Liderleriniň gatnaşmagynda Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähi açylypdy. Seýilgäh iki ýurduň arasyndaky mizemez dostlugyň täze aýdyň nyşanyny bolup, türkmen paýtagtynyň keşbiniň Daşkentdäki beýanyna öwrülipdi. Bu dostluk seýilgähi türkmen halkynyň baý taryhyna we medeniýetine has içgin aralaşmaga mümkinçilik berýär.

Geliň, Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähine gaýybana syýahat edeliň! Seýilgäh şäheriň Magtymguly köçesinden uzak bolmadyk ýerde 10 gektar meýdana uzap gidýär. Gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalary we döwrebap serişdeler ulanylan seýilgähiň binagärlik keşbinde türkmen paýtagtynyň özboluşly ýörelgesi görünýär.
Uçup barýan laçynyň görnüşinde gurlan amfiteatr seýilgähiň has täsirli desgalarynyň biridir. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň baş nyşany bolan bu şekil seýilgähiň binagärlik çözgüdini emele getirýär. Bu ýerde dürli konsertleri, sahnalaşdyrylan çykyşlary we beýleki medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin zerur şertler bar. Seýilgähiň düzümindäki amatly çaýhanada dynç almak üçin oňaýly amatlyklar üpjün edilipdir. Mundan başga-da, köp sanly göçme söwda dükanlary göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem seýilgähiň çäginde çagalar üçin medeni-dynç alyş merkezi bar. Bu ýerde körpeler üçin dürli görnüşdäki sallançaklar, hiňňildikler, birnäçe oýunlara niýetlenen meýdançalar bar. Bularyň hemmesi körpeleriň wagtyny şadyýan we gyzykly geçirmegine niýetlenendir.
Seýilgähiň merkezinde äpet syn ediş çarhy hereket edýär. Ýörite künjekde ägirt uly küşt tagtasy bolup, onda paýhas oýnunda ukybyňy synap görmek mümkinçiligi bar. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman tehniki serişdeleriň üsti bilen çagalaryň wagtyny şadyýan geçirmekde aýratyn orun eýeleýän birnäçe gyzykly we başdan geçirmeli oýunlar toplumy bar. Seýilgähiň ylgaw we welosiped ýodalary sportuň bu görnüşleriniň muşdaklaryna niýetlenendir. Umuman, seýilgähde wagtyňy şadyýan we gyzykly geçirmek hem-de sport bilen meşgullanmak üçin zerur mümkinçilikler bar.
Seýilgähiň maşgala bolup dynç almagy halaýanlar üçin ähmiýetlidigini bellemeli. Daşkendiň «Aşgabat» seýilgähinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny, pagtaçylygyny, türkmen dutaryny we ahalteke bedewini alamatlandyrýan heýkeller hem-de kompozisiýalara orun berlipdir. Hazar deňziniň, ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyplygy Türkmenistana mahsus bolan ösüşi, döredijiligi we sagdyn durmuş ýörelgelerini görkezýär.
Daşkentdäki «Aşgabat» seýilgähi Özbegistanyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň söýgüli dynç alyş künjekleriniň biridir. Seýilgäh gözel paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllyk toýuny mynasyp garşylaýar.

şu gün 14:49
358

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
328

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.4k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......