Dünýäde smartfon satuwynyň girdejisiniň 42%- Apple degişli

  • 23.05.2021 13:59
  • 7.8k+

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde smartfonlaryň satuwyndan gazanylan global girdeji 100 milliard dollardan geçdi. Apple kompaniýasy bu bazaryň 42%-ini eýeledi. Bu täze çärýek rekordydyr, lider bolsa bazarda agdyklyk eden Apple iPhone 12 smartfon hatary boldy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Counterpoint Research kompaniýasynyň derňewlerine görä, iPhone 12 seriýasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde diňe bir girdeji boýunça esasy bolman, eýsem çärýegiň dowamynda iň köp satylýan seriýa boldy. Has köp girdeji getiren model iPhone 12 Pro Max bolup, onuň yzyndan iPhone 12 we iPhone 12 Pro gelýär. Eger satuw göwrümini bahalandyrsaň, bu ýerde iPhone 12 liderlik edýär, onuň yzyndan bolsa iPhone 12 Pro Max we iPhone 12 Pro gelýär. Dördünji orny iPhone 11 eýeleýär.
ABŞ ýaly käbir ýurtlarda iň köp satylýan model iPhone 12 Pro Max boldy. Flagman modelleri operatorlaryň işjeň hereketi netijesinde gowy satyldy.
Iň köp satylýan smartfonlaryň onlugynda diňe iPhone 11 bilen iPhone SE 2020 bäşinji nesliň toruna eýe däl. iPhone 12, iPhone 12 Pro we iPhone 12 Pro Max bir çärýegiň dowamynda smartfon bazaryndaky girdejiniň 32%-ni eýelediler. Iň köp satylýan 10 modeliň paýyna bolsa girdejiniň 46%-i düşdi.

şu gün 12:01
1k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

düýn 13:03
2.7k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......

07.06.2026 10:17
5.9k+

«Iň soňky tango»: Adidas Messi üçin ýörite butsy çykardy

Adidas kompaniýasy Lionel Messi üçin 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan «F50 Messi 2026 World Cup “El Último Tango”» (Iň soňky tango) butsysyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Çünki, öňümizdäki dünýä......

03.06.2026 15:06
4.3k+

Türkmen telekeçileri Buharestdäki awtosalona çagyrylýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň telekeçilerini Rumyniýanyň paýtagty Buharest şäherinde 6-njy oktýabrdan 11-nji oktýabr aralygynda geçiriljek «Bucharest Auto Show & Accessories 2026» 23-nji......