Pakýao WBC we IBF wersiýalary boýunça dünýä çempionyna garşy söweşer

  • 23.05.2021 12:45
  • 10k+

Sekiz agram kategoriýasynda dünýäniň eks-çempiony filippinli Menni Pakýao özüniň indiki söweşini ýarym orta agramda WBC we IBF wersiýalary boýunça dünýä çempiony ýaş Errol Spensa garşy geçirjekdigini habar berdi. Söweş 21-nji awgustda Las-Wegasda meýilleşdirilýär diýip, matchtv.ru belleýär.

- Men hemişe öz-özüme çagyryş etmek we iň uly söweşleri kabul etmek islärdim. Errol Spens – ýeňilmedik çempion, bu hem meniň isleg bildirýän söweşim – diýip, Yahoo Sports saýty Pakýaonyň sözlerini getirýär.

42 ýaşly Pakýao soňky gezek iki ýyl mundan ozal söweşdi. Şonda ol emin agzalarynyň karary bilen ýarym orta agramda dünýäniň eks-çempiony Kit Turmany ýeňdi. Onuň hasabynda 62 ýeňiş bilen 7 ýeňliş bar. Spens heniz bir gezek hem ýeňlenok, ol 27 söweşinde-de ýeňiş gazandy.

düýn 22:18
3.1k+

Wengriýadaky futbol duşuşygy 1:50 hasabynda tamamlandy

Wengriýanyň ýetginjekler sebit ligasynyň çäklerinde adatdan daşary sport wakasy bolup geçdi. Kişkunhalaş şäheriniň topary bilen «Çoliospalos» toparynyň arasyndaky duşuşyk 1:50 hasabynda tamamlandy....

düýn 02:45
2.1k+

Gar barsy 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň tumary boldy

Şu ýyl Gyrgyzystanda geçiriljek 6-njy Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň resmi tumary yglan edildi. Ol güýjüň hormat goýmak bilen utgaşýandygyny, däp-dessurlaryň bolsa dünýä açykdygyny görkezýän gar barsy......

04.04.2026 15:00
8.1k+

Saud Arabystanynda täze trassa “Formula 1” ýaryşlaryny howa göterer

Saud Arabystanynda täze “Formula 1” trassasy gurulýar, onuň bir bölegi takmynan 70 metr belentlikden geçer. Er-Riýaddan takmynan 45 kilometr uzaklykda ýerleşýän Qiddiya etrabynda ýerleşýän bu taslama......

04.04.2026 11:00
5.8k+

Dýökereş özüniň goluny dabara edişini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy

Şwesiýaly hüjümçi Wiktor Dýökereş gollaryny «maska» hereketi bilen bellemek dabarasy üçin resmi haryt nyşanyny hasaba aldyrdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano habar berdi....