Türkmenistanyň Gazagystana eksporty 2021-nji ýylda 99,2% ýokarlandy

  • 22.05.2021 19:40
  • 9.5k+

2021-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistan önümleriniň Gazagystana eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 99,2% ýokarlandy. Bu barada Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi anna güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň dokma önümleriniň eksporty 11,6 esse, taýýar trikotaž önümleriniň eksporty bolsa 5,1 esse artdy. Häzirki zaman dokma senagatynda giňden ulanylýan himiki süýümleriň Gazagystana ugradylmagy 11,9 esse, beýleki tikin önümleriniň eksporty bolsa 172,4% ýokarlandy. Mundan başga-da, gaýtadan işlenen pagta önümleriniň eksporty 346,5 esse boldy.
Geçen döwürde Türkmenistandan Gazagystana iberilen dökünleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2 esse artdy. Bu netije ýurdumyzyň degişli kärhanalarynda önümçiligiň artdyrylmagy esasynda gazanyldy. Şeýle-de mineral ýangyjyň Gazagystana ugradylmagy 155,2% ýokarlandy.
2021-nji ýylyň ilkinji dört aýynda Türkmenistandan Gazagystana eksport edilen gök önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 46,6% artdy. Şeýle hem, türkmen telekeçileri goňşy ýurda sabyn we beýleki ýuwujy serişdeleriň üpjünçiligini 65,4% ýokarlandyrdylar.
Geçen döwürde Türkmenistanyň Gazagystandan eden importy 6,9% ýokarlandy. Import edilen harytlar mebel, elektron we tehnologiki enjamlar, daş, sement we gips önümleri, şeýle hem kagyz we karton önümlerinden ybaratdyr.

şu gün 11:08
300

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....

düýn 22:05
1.5k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

düýn 12:01
1.6k+

ASML Ýewropanyň taryhynda iň gymmat kompaniýa boldy

Çipleri öndürmek üçin litografiýa skanerleriniň dünýäde iň uly üpjünçisi bolan Niderlandlaryň ASML kompaniýasy Ýewropanyň taryhyndaky iň gymmat kompaniýa öwrüldi. Onuň bazar gymmaty 668 milliard dollara ýetip,......

08.06.2026 13:03
2.9k+

Airbus «A320» uçarlar maşgalasy üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy

Ýewropanyň Airbus uçargurluşyk kompaniýasy maý aýynyň ahyryna çenli «A320» maşgalasyna degişli ýolagçy uçarlary üçin 20 müňden gowrak sargyt aldy. Bu görkeziji Ýewropanyň uçargurluşykçysynyň iň köpçülikleýin......