«Gazprom» Hindistana gaz geçiriji gurmak taslamasyndan el çekdi

  • 22.05.2021 18:29
  • 22k+

«Gazprom» Hindistana gaz geçiriji çekmek pikirinden ýüz öwürdi. «Gazprom eksportyň» ýolbaşçysy Ýelena Burmistrowa bu karary onuň çekiljek ugrunyň aşa gymmatlygy bilen düşündirdi. Bu barada Kommersant habar berýär.  

 

«Bu günki gün biz Hindistana gaz geçirijiniň gurluşygynyň mümkinçiligine garamaýarys. Hakykatdan hem, birnäçe ýyl mundan öň, bu babatda gepleşikler alnyp baryldy. Hususan-da, muny hindi tarapy teklip edýärdi, ýöne, bilşiňiz ýaly, bu örän gymmat ugur. Hindistana gaz ugratmak üçin «çeýe turba» bar, çünki 2020-nji ýylda biz 1,8 mln tonna suwuklandyrylan tebigy gazy Hindistana iberdik» - diýip, Burmistrowa metbugat maslahatynda aýtdy.

«Kommersant-yň» bellemegine görä, Hindistana turba geçiriji taslamasynyň geljegi uly iki sany ugry bar: Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TOPH) we Eýran - Pakistan - Hindistan. ABŞ-nyň Eýrana garşy 2019-njy ýylda çäklendirme girizmegi netijesinde taslamalaryň ikinjisi togtadyldy. «Pakistan akymy» diýip atlandyrmak meýilleşdirilýän «Demirgazyk-Günorta» gaz geçirijisiniň rus-pakistan taslamasy TOPH gaz geçirijisinden hem gaz kabul edip biler.

 

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......